mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK
Arhiw
news-photo

01.10.2026

total-veiw

2725

Makroykdysady durnuklylygy görkezýän Türkmenistan maýa goýumlaryny çekmek üçin açyk

Türkmenistanyň paýtagtynda sebitde geçirilýän esasy işewürlik çäreleriniň biri bolan Türkmenistanyň maýa goýum forumy öz işine başlady. Iki günlük çäre maýadarlary, halkara maliýe guramalarynyň bilermenlerini, innowasion pudagyň wekillerini we ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň ýolbaşçylaryny bir ýere jemledi.

news-photo

01.10.2026

total-veiw

1568

Ulag, energetika we «ýaşyl» tehnologiýalar: Ýewropa Bileleşigi Türkmenistanyň maýa goýum forumynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şu gün paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň maýa goýum forumy öz işine başlady. Bu halkara we sebit derejesindäki esasy işewürlik çäreleriniň biridir. Bu çäre halkara maýadarlaryny, dünýäniň maliýe guramalarynyň bilermenlerini, innowasion pudagyň wekillerini we ykdysadyýetiň öňdebaryjy pudaklarynyň ýolbaşçylaryny birleşdirýän abraýly meýdança öwrüldi.

news-photo

01.10.2026

total-veiw

3982

Türkmenistanyň DIM-nde Türkiýe Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Şener Jebeji bilen duşuşyk geçirildi.

news-photo

01.10.2026

total-veiw

3160

Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Stanislaw Çepurnynyň arasynda duşuşyk geçirildi.

news-photo

01.10.2026

total-veiw

2578

Astanada «C5+1» formatynda sanly innowasiýalar boýunça maslahat geçirildi

2026-njy ýylyň 29-njy sentýabrynda Astanada Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ABŞ-niň arasyndaky «C5+1» köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň çäklerinde sanly innowasiýalaryň ösüşi we olaryň ykdysady ösüşdäki orny bilen baglanyşykly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyna bagyşlanan maslahatyň açylyş dabarasy geçirildi.

news-photo

01.10.2026

total-veiw

3048

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna

Sizi dünýä bileleşigi bilen birlikde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda umumadamzat gymmatlyklaryny hem-de ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan baýram hökmünde giňden bellenilýän Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.  

news-photo

01.10.2026

total-veiw

2799

Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara

Sizi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda gözel paýtagtymyzda geçirilýän Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

news-photo

01.10.2026

total-veiw

2404

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine, Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Sýana Hytaý Halk Respublikasynyň döredilen güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

30.09.2026

total-veiw

3309

Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyny parahatçylykda we abadan durmuşda ýaşaýan agzybir halkymyz mynasyp zähmet ýeňişleri bilen garşylady. Bu ýyllarda ählumumy ykrara eýe bolan ägirt uly işler amala aşyrylyp, ähli ulgamlarda asyrlara barabar ýol geçildi.  

news-photo

30.09.2026

total-veiw

4425

Migrasiýa gullugynyň işi kämilleşdirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda bu ugurda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere bagyşlanan maslahat geçirildi.  

...3452