05.05.2026
1867
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara ýetirildi.
05.05.2026
2128
Türkmenistanyň we Ermenistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy
2026-njy ýylyň 4-nji maýynda Ýerewan şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Ermenistan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mnasakan Safarýanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
04.05.2026
2850
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
04.05.2026
7502
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň söweşlerde görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylygyny hem-de uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken ak saçly enelerimiziň nusgalyk edermenligini hormatlap, olaryň ýaş nesillerimizi watançylyk, gahrymançylyk, mertlik ruhunda terbiýelemekde, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini berkitmekde alyp barýan asylly işlerini, ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge goşýan goşantlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Beýik Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi.
04.05.2026
4880
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, halkymyzyň rysgaly we azyk garaşsyzlygymyzyň kepili bolan bugdaýyň öndürilýän möçberini yzygiderli artdyrmak, ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnamak, ammarlara, elewatorlara bökdençsiz daşamak hem-de däne öndürijiler bilen hasaplaşyklaryň wagtynda, ýokary derejede guralmagyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
04.05.2026
2201
Türkmenistanyň we Eýranyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi
2026-njy ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Seýed Abbas Arakçi bilen telefon arkaly söhbetdşeligi boldy.
04.05.2026
2230
Ýaş nesiller baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek hem-de döwrebaplaşdyrmak babatda başyny başlan işleri häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär.
04.05.2026
1157
Magtymguly etrabynda döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy baý mazmunly çäreler bilen utgaşdy
Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap merkezindäki «Magtymguly Pyragy» muzeýinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly-at myradyň mekany» ýyly hem-de beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurt derejesinde yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy guraldy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşi, ýurdumyzyň gazet-žurnallarynyň redaksiýalary tarapyndan bilelikde guralan dabara ýokary guramaçylyk, işjeňlik ýagdaýynda geçdi.
04.05.2026
2115
Sirk sungatyny söýüjiler üçin täze çykyş
Türkmen döwlet sirkiniň sungat işgärleri paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna täze sirk çykyşlaryny taýýarlady.
04.05.2026
2357
Türkmenistanda sport ýaryşlarynyň netijeleri jemlendi
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» şygary astynda geçirilen sport ýaryşlarynyň ýeňiji toparlaryny sylaglamak dabarasy boldy.