mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK
Arhiw
news-photo

18.09.2026

total-veiw

3049

Türkmen talyplarynyň nobatdaky topary Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde okuwyny dowam etdirer

Türkmenistanda Hytaý Halk Respublikasynyň ilçihanasynda döwlet talyp haklary maksatnamasynyň çäklerinde Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerine üstünlikli kabul edilen türkmenistanly dalaşgärlere habarnamalary gowşurmak dabarasy geçirildi. Çärä geljekki talyplar we olaryň ene-atalary gatnaşdy. Bu dabara ýaşlaryň durmuşynda möhüm ädim bolmak bilen, iki ýurduň arasyndaky barha pugtalandyrylýan gatnaşyklaryň nyşanyna öwrüldi.

news-photo

18.09.2026

total-veiw

2738

Türkmenistanyň wekiliýeti IAEA-nyň 70-nji Baş konferensiýasyna gatnaşýar

2026-njy ýylyň 15-nji sentýabrynda Wena şäherinde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary Azat Owezowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 14–18-nji sentýabry aralygynda Wena şäherinde geçirilýän Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň (IAEA) Baş konferensiýasynyň 70-nji nobatdaky sessiýasyna gatnaşýar.

news-photo

18.09.2026

total-veiw

2592

Türkmenistanly türgenler Ýaponiýada geçiriljek XX tomusky Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşarlar

Türkmen türgenleri 19-njy sentýabrda Ýaponiýanyň Aýti prefekturasynyň merkezi Nagoýa şäherindäki «Paloma Mizuho» stadionynda geçiriljek XX tomusky Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşarlar.

news-photo

18.09.2026

total-veiw

3204

Daşoguz welaýaty – ýurdumyzyň iň iri däneli ösümlikler mekany

Şu günler ýurdumyzyň Daşoguz welaýatynda güýzlik bugdaýyny ekmek guramaçylykly alnyp barylýar.

news-photo

18.09.2026

total-veiw

3741

Teatryň täze sahna eseri — şanly baýrama toý sowgady

Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik topary eşretli zamanamyzyň nurana dünýäsini açyp görkezýän sahna eserleri bilen birlikde şöhratly taryhymyzy, milli mirasymyzyň täsin gudratyny, maşgala gymmatlyklaryny, nesil terbiýesini, mukaddes däp-dessurlarymyzy şöhlelendirýän sahna oýunlaryny hem yzygiderli sahnalaşdyrýar.

news-photo

17.09.2026

total-veiw

3351

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Sizi beýik Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly baýramçylygyna beslenýän şu taryhy günlerde Koreýa Respublikasyna amala aşyran döwlet saparyňyzyň üstünlikli geçmegi hem-de Size Songýungwan uniwersitetiniň syýasy ylymlaryň hormatly doktory derejesiniň berilmegi, Koreýanyň Halkara söwda assosiasiýasynyň Hormat nyşanynyň we ýörite şahadatnamasynyň gowşurylmagy mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn.


17.09.2026

total-veiw

5104

Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, karar edýärin:


news-photo

17.09.2026

total-veiw

3489

Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär

Şu gün paýtagtymyzda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi öz işine başlady.

news-photo

17.09.2026

total-veiw

3656

«Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitinde Türkmenistan ýaşlaryň bilim we ylym ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň tarapdary bolup çykyş etdi

Koreýa Respublikasyna bolan döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitinde çykyş edip, ylym we bilim ulgamyndaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmak boýunça toplumlaýyn başlangyçlary öňe sürdi.

news-photo

17.09.2026

total-veiw

3678

Türkmenistan «akylly» şäherleriň bitewi platformasyny döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasyna bolan döwlet saparynyň çäklerinde «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy. 

...3453