mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK
Arhiw
news-photo

16.09.2026

total-veiw

2537

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Koreýa Respublikasynyň Ählumumy innowasion barlaglar institutynyň direktory bilen duşuşygy

2026-njy ýylyň 15-nji sentýabrynda Türkmen-koreý işewürlik maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Koreýa Respublikasynyň Ählumumy innowasion barlaglar institutynyň direktory Kim Jin Pýonyň arasynda duşuşyk geçirildi.

news-photo

16.09.2026

total-veiw

2808

Türkmenistanyň wekiliýeti Bakuda geçirilen TDG-niň agza döwletleriniň musulman dini müdiriýetleriniň ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň VII mejlisine gatnaşdy

2026-njy ýylyň 14-nji sentýabrynda Baku şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) agza döwletleriniň musulman dini müdiriýetleriniň ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň VII mejlisi geçirildi.

news-photo

16.09.2026

total-veiw

2493

Ýerewanda durnukly ulgamy ösdürmek boýunça halkara maslahat geçirildi

2026-njy ýylyň 14-15-nji sentýabry aralygynda Ýerewanda Ermenistan Respublikasynyň Daşary işler we halkara söwda ministrligi hem-de BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti boýunça Ykdysady we durmuş komissiýasy (ESKATO) bilen hyzmatdaşlykda «Sebitara we sebitiçi aragatnaşygy berkitmek üçin durnukly ulag geçelgelerini ösdürmäge ýardam bermek» temasy boýunça mümkinçilikleri ýokarlandyrmak barada iki günlük okuw maslahaty geçirildi.

news-photo

16.09.2026

total-veiw

1446

Türkmenistanda 20-nji sentýabrda Russiýa Federasiýasynyň Döwlet Dumasynyň deputatlarynyň saýlawlary geçiriler

Türkmenistanyň çäginde bolýan Russiýa Federasiýasynyň raýatlary Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň deputatlarynyň saýlawlarynda ses bermäge gatnaşyp bilerler. 

news-photo

16.09.2026

total-veiw

1333

Koreý tarapy türkmen tarapyna Koreýa Respublikasynyň raýatlaryny üstaşyr geçirmekde beren kömegi üçin hoşallyk bildirdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýon bilen gepleşikleri geçirdi. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň we sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

news-photo

16.09.2026

total-veiw

2564

Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda 12 milliard amerikan dollaryndan gowrak möçberde 17 maýa goýum taslamasy durmuşa geçirilýär

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Türkmen-koreý işewürlik maslahatynyň ýokary derejeli mejlisine gatnaşdy.

news-photo

16.09.2026

total-veiw

1195

Arkadag şäherinde lukmançylyk klasterini döretmäge koreý kompaniýalary çekilýär

Seulda geçirilen Türkmen-koreý işewürlik maslahatynyň ýokary derejeli mejlisiniň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow saglygy goraýyş we lukmançylyk ulgamyny ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň iň geljegi uly ugurlarynyň biri hökmünde görkezdi.

news-photo

16.09.2026

total-veiw

2947

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri emeli aň, inženerçilik we energetika ugurlarynda Koreýanyň Songýungwan uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygyny giňeldýär

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Koreýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Songýungwan uniwersitetine baryp gördi. 

news-photo

16.09.2026

total-veiw

2412

Türkmenistan Koreýanyň tehnologiýalaryny we senagaty döwrebaplaşdyrmak boýunça tejribesini çekmäge gyzyklanma bildirdi

Seulda geçirilen ýokary derejeli Türkmen-koreý işewürlik maslahatynyň ýokary derejeli mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň Koreýa Respublikasyndan nebitgaz, himiýa, energetika, ulag ýaly pudaklara koreý tehnologiýalaryny, maýa goýumlaryny we dolandyryş tejribesini çekmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

news-photo

16.09.2026

total-veiw

2170

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow koreý kompaniýalaryny Türkmenistanyň ulag-logistika taslamalaryna gatnaşmaga çagyrdy

Koreýa Respublikasyna döwlet saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmen-koreý işewürlik maslahatynyň ýokary derejeli mejlisinde çykyş etdi. 

...3453