Jemgyýet
11.03.2024
4902
Ýurdumyzda boljak howa barada maglumat
Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda ýagyş ýagar. Howa gijelerine 0... +2 gradus sowukdan, +6... +8 gradus, gündizlerine +9... +11 gradusdan +20... +22 gradus aralygynda maýyl bolar.
08.03.2024
12754
Halkara zenanlar güni mynasybetli dabaralar
Şu gün Halkara zenanlar güni mynasybetli hem-de ýurdumyzyň ähli zenanlarynyň şanyna Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda aýdym-sazly dabara geçirildi.
08.03.2024
7801
Ýurt garşy alsyn!
Döwletli Diýarymyzyň ähli sebitlerinde, etraplardyr şäherlerinde gurlup ulanylmaga berilýän il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli medeni-durmuş we önümçilik maksatly binalaryň hatary barha artýar.
08.03.2024
6594
Täze ýaşaýyş jaýlary açylyp ulanylmaga berildi
Ýurdumyzda ýokary ruhubelentlige beslenip bellenilýän gözelligiň we mukaddesligiň baýramy – Halkara zenanlar gününde Lebap welaýatynyň merkezi Türkmenabat şäheriniň Zelili köçesiniň ugrunda Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjylaryna niýetlenen 2 sany 4 gatly, her biri 24 öýli we şäher häkimliginiň işgärleri üçin bir sany 4 gatly, 24 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berilmegi täze ýaşaýyş jaýlaryna göçüp gelýän raýatlarymyz bilen bilelikde zenanlarymyzyň ajaýyp baýramçylyk sowgadyna öwrüldi.
07.03.2024
7301
Köp çagaly eneleri sarpalamak dabarasy
Şu gün paýtagtymyzda Halkara zenanlar gününe bagyşlanan dabaraly çäreler geçirildi. Olaryň çäklerinde döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren eneleri sarpalamak, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, olara «Ene mähri» diýen hormatly adyň nyşanlaryny, köp çagaly enelere täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmak dabaralary geçirildi.
07.03.2024
4445
Aşgabatdan Milana we Hoşimine täze ugurlar açyldy
5-nji martda «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň ilkinji uçary türkmen paýtagtynyň Halkara howa menzilinden Aşgabat – Hoşimin – Aşgabat ugry boýunça gatnawy amala aşyrdy.
06.03.2024
6160
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany okyjylara ýetirildi
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanynda indi bir ýyldan gowrak bäri hereket edip gelýän «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2024-nji ýyldaky ikinji sany okyjylara ýetirildi.
06.03.2024
5168
Zenanlara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgatlary gowşuryldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugy bilen Halkara zenanlar güni mynasybetli ajaýyp zenanlarymyza 60 manat mukdarda pul sowgatlary gowşuryldy.
06.03.2024
5740
Bahar buşlukçylary ýaş tebigatçylaryň obýektiwinde
Ýetip gelen bahar pasly tebigatyň oýanýan, söýgüli baýramlaryň bellenýän we ylhamyň joşýan wagtydyr. Türkmenistanyň «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň agzalary-da hut şeýle pikire gulluk edýärler.
05.03.2024
8621
4G aragatnaşygy Türkmenistanyň alys sebitlerinde-de elýeterlidir
Ilaty ykjam aragatnaşyk we internet hyzmatlary bilen üpjün edýän «Türkmenaragatnaşyk» agentligi we «Altyn asyr» ýapyk paýdarlar jemgyýeti 4G ulgamynyň tutuş Türkmenistanda elýeterliligini artdyrýar.