Jemgyýet
10.10.2023
25443
Türkmenistanda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bellenildi
Şu gün Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp geçirilýän «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň we onuň çäklerindäki ylmy maslahatyň dabaraly açylyşy boldy. Her ýyl geçirilýän bu çäre lukmançylyk ylmynyň soňky gazananlaryny saglygy goraýyş ulgamyna ornaşdyrmaga we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berýän abraýly forumlaryň birine öwrüldi.
10.10.2023
11534
Gündogar sebitde hassahanalaryň durky täzelenen binalary açylyp ulanylmaga berildi
Lebap welaýatynyň Dänew hem-de Saýat etrabynyň ýaşaýjylary hem-de saglygy goraýyş işgärleri Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününde ajaýyp baýramçylyk sowgadyny peşgeş aldylar. Bu etraplaryň merkezlerinde «Bäş ýol» hususy kärhanasy tarapyndan durky täzelenen, häzirki zaman lukmançylyk enjamlary ornaşdyrylan döwrebap hassahanalar dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berildi.
10.10.2023
10262
«Dowamat» hojalyk jemgyýeti täze metjit gurýar
Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň dolandyryş merkezinde «Dowamat» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri tarapyndan täze metjit gurulýar.
09.10.2023
9113
Türkmenistanyň Adalatçysy zenanlaryň hukuklary boýunça sebitleýin maslahata gatnaşdy
Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil – Adalatçy Ý.Gurbannazarowa 2023-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda Demirgazyk Makedoniýanyň paýtagty Skopýe şäherinde geçirilen «Saýlamak hukugy: reproduktiw saglyk meseleleri boýunça karara gelmekde aýallaryň we gyzlaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek» atly ýokary derejeli sebit maslahatynyň işine gatnaşdy.
09.10.2023
6309
Türkmenistanda +33 gradusa çenli maýyl howanyň bolmagyna garaşylýar
Hepdäniň başynda ýurdumyzyň ýaşaýjylaryna maýyl howa garaşýar. Birnäçe ýerlerde gysga wagtlaýyn ýagyş ýagjakdygyna garamazdan, gündizlerine howanyň temperaturasy +33 gradus töwereginde bolar.
06.10.2023
8457
Daşoguzda gül ekinleriniň we ýaprakly agaçlaryň tohumlaryny ýygnamak başlandy
Daşoguz şäher arassaçylyk we abadanlaşdyryş trestiniň topary gülleriň we agaçlaryň tohumlaryny ýygnamagyň güýzki işine başlady.
06.10.2023
9054
Türkmen wekiliýeti Gruziýada geçirilen reproduktiw saglyk boýunça halkara konferensiýa gatnaşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti Gruziýanyň paýtagty Tbiliside reproduktiw saglyk baradaky halkara konferensiýada wekilçilik etdi.
06.10.2023
6269
Daşoguzda howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly konferensiýa geçirildi
Daşoguzdaky Türkmen oba hojalyk institutynda geçirilen konferensiýanyň dowamynda ýaş nesliň howanyň üýtgemegine garşy göreşe gatnaşmagy ara alnyp maslahatlaşyldy.
04.10.2023
8260
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalynyň täze sany okyjylara ýetirildi.
02.10.2023
6235
Oktýabr aýynyň başynda Türkmenistanda ýagyşly howanyň bolmagyna garaşylýar
Türkmenistanda hepdäniň ahyryna çenli güneşli we bulutly howa saklanar.