Jemgyýet
02.10.2023
8884
Aşgabatda «Biz dürli, emma deň» atly festiwal geçirildi
Paýtagtymyzyň «Aşgabat» medeni we dynç alyş seýilgähinde inklýuziw festiwal geçirildi.
30.09.2023
7626
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty
Şu gün Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň üçünji maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna we ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan birnäçe kanunlaryň taslamalaryna garaldy hem-de kabul edildi. Maslahata degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.
29.09.2023
5941
Türkmen halkynyň Milli Lideri german kompaniýalaryny Arkadag şäheriniň senagat toplumyny döretmeklige gatnaşmaga çagyrdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň wekiliýet Baştutanlarynyň we German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň duşuşygyndaky çykyşynda german kompaniýalaryny Arkadag şäheriniň senagat toplumyny döretmeklige gatnaşmaga çagyrdy.
29.09.2023
8048
Howanyň üýtgemegi şertlerinde obanyň ýaşaýjylarynyň mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça okuw guraldy
Azyk we oba hojalyk guramasy FAO we Bütindünýä ekologiýa gaznasynyň GEF «Merkezi Aziýanyň we Türkiýäniň oba hojalyk önümçiliginiň guraklaşan we şorlaşan landşaftlarynda tebigy baýlyklary toplumlaýyn dolandyrmak» (CACILM-2) taslamasy Türkmenistanda howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça netijeli işe goşant goşýar.
28.09.2023
8864
Dostlukly ýurtlaryň Türkmenistana gutlaglary beýan edildi
27-nji sentýabrda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde ýerleşýän dünýäde iň beýik «Burj Halifa» diňiniň ýüzünde ýurdumyzyň Döwlet baýdagynyň şekili şöhlelendirildi.
28.09.2023
5990
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy — dünýä metbugatynyň sahypalarynda
«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçýän ýylda Watanymyz dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ünsüni özüne çekýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda we daşary döwletlerde dürli çärelerdir dabaralar geçirilip, döwletimiziň gazanan üstünliklerini, ýeten belent sepgitlerini beýan edýän, owadan bezelen neşirler çap edilýär.
27.09.2023
6351
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna
Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň üçünji maslahaty 2023-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda sagat 10:00-da Türkmenistanyň Mejlisiniň jaýynda geçirilýär.
27.09.2023
6547
Watanymyzyň bagtyýar halkynyň asuda durmuşynyň goragçylaryna sylaglar gowşuryldy
Şu gün ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryna hem-de işgärlerine döwlet sylaglaryny gowşurmak, harby we ýörite atlary dakmak, hünär derejelerini bermek dabaralary boldy.
26.09.2023
5653
Ýurdumyzda howa gijelerine salkynlar
Hepdäniň dowamynda eziz Diýarymyzda, açyk howa bolar. Ýöne sebitleriň käbirinde az-kem ýagyş ýagar howa gijelerine +10 gradusa çenli peseler. Howanyň ortaça temperaturasy +29 gradus bolar.
25.09.2023
8224
Watanyň we halkyň öňünde bitirilen aýratyn hyzmatlar üçin döwlet sylaglary
Şu gün paýtagtymyzda Garaşsyz Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine, halkara abraýynyň belende göterilmegine uly şahsy goşant goşan halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň iň gowy işgärlerini, önümçiligiň öňdebaryjylaryny, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, olaryň düzümleýin guramalarynyň wekillerini, döredijilik işgärlerini, zähmet weteranlaryny sylaglamak dabarasy geçirildi.