mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Medeniýet

news-photo

12.05.2025

total-veiw

6123

Zehinli aktýorlar

Daşoguz welaýatynyň Andalyp şäherinde ýerleşýän Andalyp halk teatrynyň topary häzirki wagtda lebaply drama ýazyjysy G.Jumaýewiň «Saňa ýalan, maňa çyn» atly gülküli sahna oýnuny taýýarlaýar.

news-photo

09.05.2025

total-veiw

5865

Bir sergide iki suratkeşiň eserleri görkezilýär

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Sergi merkezinde iki suratkeşiň —Merdan Kakabaýewiň we Azat Tuwakowyň işleriniň sergisi açyldy. 

news-photo

08.05.2025

total-veiw

6669

Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli konsert geçirildi

Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan konserte gelenlerden ýaňa teatr hyryn-dykyn doludy. Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy we Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi şu konserti geçirmek başlangyjy bilen çykyş etdiler.

news-photo

08.05.2025

total-veiw

7904

Tans çykyşlary we beýleki medeni çäreler

Aşgabadyň medeniýet durmuşynda türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň ünsüni özüne çekjek birnäçe gyzykly çäreler göz öňünde tutulan.

news-photo

07.05.2025

total-veiw

4742

Türkmenistanly zenan nakgaşlar öz işlerini Daşkentde guralan sergä hödürlediler

Özbegistanyň Şekillendiriş sungaty galereýasynda «Türki dünýäsiniň zenan suratkeşleri» atly halkara sergi guraldy.

news-photo

06.05.2025

total-veiw

9310

Türkmen ýaşlary Moskwada Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli guralýan konsertde çykyş ederler

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary Moskwada ýaşlardan jemlenen 250 adamdan ybarat uly hor toparynda çykyş eder. Bu barada konserwatoriýada habar berdiler. 

news-photo

06.05.2025

total-veiw

6084

Nury Halmämmedow adyndaky «Dutaryň owazy» bäsleşigi dürli ýurtlardan sazandalary çagyrýar

Nury Halmämmedow adyndaky «Dutaryň owazy» atly Moskwa halkara sungat festiwaly dürli ýurtly sazandalary etnik-medeni däplere esaslanýan akademiki sazy iň gowy ýerine ýetiriş boýunça bäsleşige gatnaşmaga çagyrýar.

news-photo

06.05.2025

total-veiw

5085

Atalaryň edermenligi we gahrymançylygy – ogullara nusga

Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş gününiň 80 ýyllygy mynasybetli «Atalaryň edermenligi we gahrymançylygy – ogullara nusga» atly sergi açyldy. Sergini guraýjylar – taryh bölüminiň hünärmenleri Türkmenistanyň döwlet nyşanlary bilen sergini açdylar.

news-photo

05.05.2025

total-veiw

5429

Ýeňiş güni mynasybetli «Üçburç hatlar» atly konserti geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly zalynda Ýeňiş güni mynasybetli geçirilen konsert «Üçburç hatlar» aýdymy bilen açyldy. Ony Aşgabat şäherindäki 4-nji sazçylyk mekdebiň «Saýrak bilbiller» çagalar hory we konserwatoriýanyň kamera orkestri ýerine ýetirdiler. Watançy esgerleriň geýimini geýen oglanjyklar we gyzjagazlar frontçularyň portretlerini göterip ölmez-ýitmez polkuň ýörişinde aýdymyň her sözüne front bilen tylyň bütewiliginiň belent manysyny berdiler. 

news-photo

03.05.2025

total-veiw

6724

Polşaly suratkeş Ioanna Galeskanyň suratlarynda türkmen bahary

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäginde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Sergi merkezinde polşaly suratkeş Ioanna Galeskanyň suratlarynyň sergisi açyldy.

...369