Medeniýet
24.04.2025
6804
Türkmenistanyň iň ezber bagşylarynyň ýerine ýetirmeginde sekiz dessan
Aşgabadyň Bagtyýarlyk etrabynyň Täze zaman Medeniýet öýüniň zalynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygarynyň çäginde ýurdumyzyň dürli künjeginden gelen iň ezber dessançy bagşylaryň gatnaşmagynda «Dessançylyk sungaty parahatçylygyň ylham çeşmesi» atly konsert boldy. Konsert Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras bölüminiň başlangyjy bilen ýola goýuldy.
23.04.2025
7955
Daşoguz welaýatynda «Behişdi bedewler – gözellik nusgasy» atly çagalaryň arasynda surat çekmek boýunça bäsleşik geçirildi
Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öňüsyrasynda Daşoguzda geçirilen täsirli çäreleriň biri-de «Behişdi bedewler – gözellik nusgasy» atly çagalaryň arasynda surat çekmek boýunça bäsleşik boldy. Ony Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşi we Daşoguz şäherindäki çagalar çeperçilik mekdebi gurady.
23.04.2025
6727
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli sergi geçirildi
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Sergi merkezinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli türkmen suratkeşleriniň işleriniň sergisi açyldy. Onda dürli durmuş ýagdaýynda şekillendirilen, ýöne öz gözelligi we hoşgylyk tebigaty bilen adamlary begendirýän akhalteke atlaryna bagyşlanan 100-den gowrak surat tomaşaçylara hödürlendi.
20.04.2025
5085
Muzeýde ahalteke bedewlerine bagyşlanan sergi açyldy
Halkymyzyň şöhratly bäş müň ýyllyk taryhynyň ähli döwürlerinde «behişdi» bedewlere aýratyn hormat bilen garalypdyr. Ahalteke aty gaýtalanmajak owadanlygy we gözelligi bilen diňe bir biziň ýurdumyzyň däl, eýsem tutuş adamzat nesliniň bahasyna ýetip bolmajak hazynasyna öwrüldi.
20.04.2025
5162
Ýylyň şygaryna bagyşlanan döredijilik duşuşyklary
Häzirki wagtda ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň, ýazyjy-şahyrlarynyň gatnaşmaklarynda türkmen döwletiniň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan oňlanylýan Bitaraplyk ýörelgesiniň, şanly ýylyň şygarynyň çuňňur mazmunyny özünde jemleýän dürli çäreler, şol sanda döredijilik duşuşyklary giňden ýaýbaňlandyrylýar.
18.04.2025
5534
Medeniýet wakalary we Aşgabadyň teatrlarynda görkeziljek oýunlaryň rejenamasy
A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatry 20-nji aprelde Balkan welaýatynda çykyşlaryna başlar. Teatr topary Balkanabat we Türkmenbaşy şäherlerinde goşmak bilen, birnäçe şähere sapar eder. Artistler tomaşaçylary oýunlardan daşgary döredijilik we aýdym-saz agşamlary bilenem begendirerler.
18.04.2025
5928
Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy Magtymguly kitaphanasynyň muzeýiniň döredilmeginiň 50 ýyllygy mynasybetli çäre geçirdi
2025-nji ýylyň 17-nji aprelinde Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy we Kiýew şäherindäki Magtymgulynyň adyny göterýän kitaphana tarapyndan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde Ýadygärlikleriň we taryhy ýerleriň halkara güni, şeýle-de Magtymguly kitaphanasynyň muzeýiniň döredilmeginiň 50 ýyllygy mynasybetli medeni-bilim çäresi geçirildi.
17.04.2025
7874
Şahyr Gurbannazar Ezizowa bagyşlanan sahna oýny taýýarlanylýar
Şu günler Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda şahyr Gurbannazar Ezizowyň hatyrasyna täze spektakl taýýarlanýar. «Gurbannazar Ezizow» atly sahna oýnuny doganlar Hydyr we Ylýas Amangeldiýewler ýazypdyrlar.
17.04.2025
5963
Hytaý Halk Respublikasynyň Sian şäherinde geçirilýän Türkmenistanyň Medeniýet ýylynyň çäklerinde medeni çäreler guraldy
Şensi welaýatynyň Sian şäherinde Hytaýda geçirilýän Türkmenistanyň Medeniýet ýylynyň çäklerinde ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konserti uly üstünlik bilen geçirildi. Hytaýda geçirilen çärelere gatnaşyjylaryň biri – Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň çeper ýolbaşçysy Myrat Aradowdan döredijilik saparyndan galan täsirler barada gürrüň bermegini haýyş etdik.
17.04.2025
5057
Astrahanda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan tegelek stol geçirildi
2025-nji ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň Russiýa federasiýasyndaky Konsullygynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Astrahan muzeý-goraghanasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan tegelek stol geçirildi.