Sport
13.08.2025
8338
Moskwa şäherinde «BMG – 80 oýunlary» atly sport ýaryşlaryna badalga bermek dabarasy geçirildi
Ýakynda (2025-nji ýylyň 4-nji awgustynda) Russiýa Federasiýasynyň DIM-iň Moskwa döwlet halkara gatnaşyklary institutynda (uniwersitetinde) «BMG – 80 oýunlary» atly sport ýaryşlaryna badalga bermek dabarasy, şeýle hem onuň çäklerindäki küşt boýunça dostluk ýaryşy geçirildi.
12.08.2025
7936
«Arkadag» futbol topary Türkmenistanyň çempionatynda ýene bir uly ýeňiş gazandy
Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda geçirilýän 2025-nji ýyldaky futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 21-nji tapgyrynyň yza süýşürilen üç duşuşygy geçirildi.
11.08.2025
7067
Türkmenistanyň 17 ýaşa çenli ýetginjek zenanlar ýygyndysy 2026-njy ýylyň Aziýa Kubogynyň saýlama ýaryşynda Tailandyň we Nepalyň toparlary bilen duşuşar
Tailandyň we Nepalyň milli ýygyndy toparlary, 17 ýaşa çenli ýetginjek zenanlar ýygyndylarynyň arasynda 10-njy Aziýa Kubogynyň saýlama ýaryşyna gatnaşmak üçin Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçirilen bije çekişlikden soň türkmen futbolçylarynyň garşydaşy hökmünde saýlandy.
11.08.2025
6074
2026-njy ýylda geçiriljek Aziýa Kubogynyň saýlama ýaryşlarynda Türkmenistanyň 17 ýaşa çenli ýetginjekler ýygyndysynyň garşydaşlary kesgitlenildi
Tailand, Kuweýt, Mongoliýa we Maldiwleriň milli ýygyndy toparlary 17 ýaşa çenli ýetginjekler ýygyndylarynyň (U17) arasynda geçiriljek 21-nji Aziýa Kubogynyň saýlama ýaryşyna gatnaşmak üçin Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçirilen bije çekişlikden soň türkmen futbolçylarynyň garşydaşlary hökmünde saýlandy.
10.08.2025
5268
«Altyn asyr» futbol topary Türkmenistanyň çempionatynda üçünji orna gaýdyp geldi
«Altyn asyr» toparynyň futbolçylary ýokary liganyň toparlarynyň arasynda geçirilýän 2025-nji ýyldaky futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň üçünji aýlawyny üstünlikli başlap, 15-nji tapgyryň jemleýji duşuşygynda paýtagtymyzyň «Aşgabat» toparyny 2:1 hasabynda utup ýeňiş gazandylar.
08.08.2025
5165
Didar Durdyýew «Arkadag» toparyna ýeňiş getirdi
Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda geçirilýän 2025-nji ýyldaky futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 15-nji tapgyrynda «Arkadag» toparynyň futbolçylary nobatdaky uly ýeňşini gazandylar.
08.08.2025
5045
Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy ilkinji gezek FIDE-niň TOP-50 görkezijisine girdi
Türkmenistanyň zenanlar milli ýygyndy topary ilkinji gezek dünýäniň TOP-50 görkezijisine girip, 2025-nji ýylyň iýul aýynyň netijesi boýunça Halkara küşt federasiýasynyň (FIDE) her aý täzeleýän umumy sanawynda 50-nji orny eýeledi.
07.08.2025
5371
«Ahal» futbol topary Türkmenistanyň çempionatynyň üçünji aýlawyny ýeňiş bilen başlady
Balkanabat şäheriniň «Nebitçi» toparyny 2:0 hasabynda utan «Ahal» topary ýokary liganyň toparlarynyň arasynda geçirilýän 2025-nji ýyldaky futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň üçünji aýlawyny ýeňiş bilen başlady.
05.08.2025
5922
«Arkadag» futbol topary Türkmenistanyň çempionatynyň üçünji aýlawyny ýeňiş bilen başlady
Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 20-nji tapgyrynyň yza süýşürilen duşuşygynda «Arkadag» topary «Aşgabat» toparyny 4:0 hasabynda ýeňdi.
03.08.2025
6159
Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň üçünji aýlawy başlaýar
Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda geçirilýän futbol boýunça 2025-nji ýyldaky Türkmenistanyň çempionatynyň üçünji aýlawy, «Arkadag» bilen «Aşgabat» toparlarynyň arasynda 20-nji tapgyryň yza süýşürilen duşuşygy bilen başlar.