mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Sport

news-photo

30.07.2022

total-veiw

5358

Türkmenistanyň 2022 Futzal Super ligasynda öňdebaryjylar «Gümrükçiden» has öňe saýlandylar

Türkmenistanyň Futzal Super ligasynda çempionlyk ugrunda göreş alyp barýan «Deňizçi» we «Köpetdag» 13-nji tapgyryň netijelerinden soň yzlaryndan galman gelýän «Gümrükçiden» has öňe saýlandy.

news-photo

30.07.2022

total-veiw

7508

“Ýüpek ýoly-2022” ralli ýaryşynyň we agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynyň türkmen medalçylaryna Awazada sylag berler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde “Ýüpek ýoly–2022” ralli ýaryşy we agyr atletika boýunça ýetginjekler hem ýaşlar arasynda geçirilen Aziýa çempionatynda baýrak alan sportçulary ýurduň ýolbaşçylarynyň adyndan sylaglamagy tabşyrdy.

news-photo

29.07.2022

total-veiw

5475

Öňdäki toparlar barha arany açýarlar

Türkmenistanyň ikinji tapgyrynyň jemleýji bölümi Türkmenbaşy şäherinde geçirilýän 2022-nji ýyl Futzal Superligasynyň 12-nji tapgyrynyň oýunlary tamamlandy. Garaşylyşy ýaly, öňde barýan üç topar beýlekilerden arany barha açmak bilen, ýene bir ýeňiş gazandy.

news-photo

28.07.2022

total-veiw

6329

Türkmen türgenleri «Aziýanyň çagalary» atly VII Halkara sport oýunlarynyň açylyş dabarasynda

Türkmenistanyň topary Wladiwostok şäherinde geçirilen «Aziýanyň çagalary» atly VII Halkara sport oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

news-photo

28.07.2022

total-veiw

9778

Türkmen woleýbolçylary Merkezi Aziýanyň Çagyryş Kubogynyň kümüş medalyna eýe boldular

Türkmenistanyň woleýbol boýunça ýygyndy topary Gygyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň Çagyryş Kubogynyň ýaryşynda kümüş medala mynasyp boldy. Bu Türkmenistanyň we ýer eýeleri Gyrgyzystanyň ýygyndylarynyň duşuşygynda belli boldy.

news-photo

27.07.2022

total-veiw

7441

Futzal Superligasy–2022 Türkmenbaşy şäherinde dowam edýär

Türkmenistanyň futzal boýunça Superligasynyň ikinji aýlawynyň jemleýji tapgyry Türkmenbaşy şäherinde 11-nji tapgyryň oýunlary bilen başlandy.

news-photo

27.07.2022

total-veiw

6418

Türkmen woleýbolçylary Merkezi Aziýa Çagyryş Kubogynyň finalyna çykdylar

Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň woleýbolçylary ýarym finalda Özbegistanyň toparyny 3:0 (25:20, 25:10, 25:15) hasabynda utup, Merkezi Aziýa Çagyryş Kubogynyň finalyna çykdylar.

news-photo

26.07.2022

total-veiw

7416

Türkmenistanyň topary «Aziýanyň çagalary» VII Halkara sport oýunlaryna gatnaşar

Şu gün Türkmenistanyň topary 13-16 ýaşly türgenleriň arasynda 27-nji iýuldan 8-nji awgust aralygynda Wladiwostokda geçiriljek «Aziýanyň çagalary» VII Halkara sport oýunlaryna gatnaşmak üçin ugrady.

news-photo

25.07.2022

total-veiw

6661

Türkmenistanly agyr atletikaçy – ýaşlaryň we ýetginjek gyzlaryň arasynda Aziýanyň wise-çempiony

Türkmenistanly agyr atletikaçy Anamjan Rustamowa birbada iki derejede – ýaşlaryň we ýetginjek gyzlaryň arasynda Aziýanyň wise-çempiony boldy. Paýtagtymyzyň «Olimp» sport mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Daşkentde geçirilýän yklym ýaşlar birinjiliginde 81 kg çenli agramda şeýle üstünlik gazandy.

news-photo

25.07.2022

total-veiw

4904

Türkmen woleýbolçylary Merkezi Aziýanyň Çagyryş Kubogy ugrundaky bäsleşikde Gyrgyzystanyň milli ýygyndysyny utdy

Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň woleýbolçylary Bişkekde geçirilýän Merkezi Aziýanyň kubogy ugrundaky bäsleşikde  ýer eýelerinden, ýagny Gyrgyzystanyň toparyndan bäş tapgyrda 3:2 hasabynda üstün çykyp, ikinji ýeňşini gazandy.

...242