Ykdysadyýet
06.07.2022
7809
Türkmen telekeçileri bezeg harytlaryny we laminat asty düşegini öndürmäge başladylar
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň senagat zolagynda ýerleşýän agzasy – “Eşret mahabat” hususy kärhanasy edaralaryň we binalaryň içerki hem daşarky timarlama işini amala aşyrýar.
05.07.2022
16368
Gant şugundyry ekilýär
Murgap jülgesiniň ekerançylary buýdaýdan boşan meýdanlara gant şugundyryny ekmek işini gyzgalaňly alyp barýarlar.
05.07.2022
6132
Oba hojalyk önümlerini öndürijiler halkara tejribäni öwrenýärler
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hünärmenleri S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen bilelikde «Bilimler gününi» guradylar.
05.07.2022
4767
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda halkara e-TIR ulgamyna goşulyşmagy barada mesele ara alnyp maslahatlaşyldy
2022-nji ýylyň 1-nji iýulynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň hünärmenleriniň Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň bilermeni jenap Konstantinos Aleksopoulos bilen iş duşuşygy boldy.
05.07.2022
4185
«Garabogazkarbamid»: täze ösüşleriň ýolunda
«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Garabogaz şäherindäki «Garabogazkarbamid» zawody häzirki zaman kuwwatly enjamlardyr tehnikalar bilen birkemsiz üpjün edilendir.
04.07.2022
7592
Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri
Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz porty Aziýa hem-de Ýewropa ýurtlarynyň arasynda ykdysady we söwda hyzmatdaşlygynyň hil taýdan täze derejä çykmagynda möhüm ähmiýete eýedir.
04.07.2022
5382
Elektrik energiýasynyň eksporty artdyrylýar
Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň çäginde ýerleşýän, geçen ýylyň 3-nji sentýabrynda işe girizilen, kuwwaty 432 MWt-a barabar bolan kuwwatly häzirki zaman gaz turbinaly elektrik stansiýasynyň ýurdumyzyň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek bilen birlikde, elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmakda hem ähmiýeti uludyr.
04.07.2022
4604
Tamamlanan hepde söwdanyň ýokarlanýandygy bilen tapawutlandy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy.
30.06.2022
5281
Türkmenistan Hazar sebitinde ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge çagyrýar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow altynjy Hazar Sammitindäki çykyşynda Ykdysady ulgam Hazardaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny nygtady.
30.06.2022
9850
Täze okuw ýylyna täze lybaslar
Türkmenistanyň dokma senagaty ministrliginiň Daşoguzda ýerleşýän “Çeper” tikin fabriginiň işgärleri mekdep lybasynyň biri bolan milli nagyşly tahýanyň synag toplumyny tikip gutardy. Toplumy taýýarlamak kärhananyň bir wagtyň özünde 18-e çenli tahýa tikmäge mümkinçilik berýän täze enjam satyn almagy netijesinde mümkin boldy. Täze enjamy köpçülikleýin önümçilige girizmek göz öňünde tutulýar.