Ylym
28.03.2023
7325
Türkmenistanyň nebitgaz ýokary okuw mekdebinde sowadyjy we howa ulgamlary barlaghanasy açyldy
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde sowadyjy we howa ulgamlary tejribehanasynyň açylyş dabarasy geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Birleşen Milletler Guramasynyň senagat ösüşi boýunça edarasynyň (ÝUNIDO), ýurdumyzyň nebitgaz ýokary okuw mekdebiniň, KHBS-niň wekilleri we beýlekiler gatnaşdylar.
28.03.2023
8335
«Ýokary tehnologiýalar we innowasion işläp taýýarlamalar» Halkara bäsleşigi geçiriler
Türkmenistanda 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygaryna bagyşlanan «Ýokary tehnologiýalar we innowasion işläp taýýarlamalar» Halkara bäsleşigine gatnaşjaklar kabul edilýär.
25.03.2023
11452
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti talyplar üçin fotosuratlar bäsleşigini geçirer
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny «Pyragynyň zehini we ajaýyp türkmen tebigaty» atly fotožurnalistika bäsleşigine gatnaşmaga çagyrýar. Bäsleşik Gündogaryň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanýar.
23.03.2023
8834
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda teoretiki mehanika boýunça olimpiadanyň netijeleri jemlenildi
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda teoretiki mehanika boýunça geçiren Olimpiadasynda 4 ýeňiji we baýrakly orunlary eýelänleriň 19-sy kesgitlenildi.
17.03.2023
6413
Milli bahar baýramyna bagyşlanan ylmy maslahat geçirildi
Milli bahar baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde «Nowruz – Gündogar halklarynyň medeniýetinde» atly ylmy maslahat geçirildi.
17.03.2023
9511
Nowruzy garşy alýarys!
Aşgabadyň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumy bilim berýän mekdep internatynyň okuwçylary Nowruz baýramyny aýdym, tans we ýaşlyk hyjuwy bilen garşy alýarlar. Bu ýerde konsert seýrek zat däl, ýöne deň-duşlaryňy we mugallymlaryňy köp garaşylan baharyň gelmegi bilen gutlamak mümkinçiligi uly şatlyga eýe edýär.
16.03.2023
5668
Binagärlik-taslama döredijilik sergisine gatnaşyjylaryň iň gowy işleri kesgitlenildi
Golaýda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň paýtagtymyzdaky Tehnologiýalar merkezinde geçirilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynda milli binagärligiň ösüşi» atly binagärlik-taslama döredijilik sergisiniň ýeňijileri we baýrakly orunlary eýelänler yglan edildi.
15.03.2023
10757
Türkmen alymlary nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň golýazmalarynyň birnäçe nusgasyny Russiýadan getirdiler
Filosof-şahyr, türkmen akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejesinde bellemäge taýýarlygyň çäklerinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlary Moskwa we Sankt-Peterburg şäherlerinde boldular.
15.03.2023
5517
Paýtagtymyzda ýaş alymlaryň gatnaşmagynda I Halkara ylmy forum geçirildi
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty «Ýaş alymlaryň ykdysadyýeti sanlylaşdyrmakdaky ylmy ädimleri» atly I Halkara ylmy forum geçirdi.
14.03.2023
5942
Täze hünärmenler ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny güýçlendirerler
Türkmenistanda ylmy ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşe möhüm goşant goşmaga niýetlenen ösen tehnologiýalara esaslanýan netijeli we özüni ödeýän sanly ylmy ulgamy döretmek boýunça giňişleýin işler alnyp barylýar.