Ylym
02.05.2026
2597
Ýurdumyzyň 2026 - 2027-nji okuw ýylynda birinji synpa okuwa kabul edilýän okuwçylary noutbuk kompýuterlerini sowgat alarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu ýyl birinji synpa okuwa kabul edilýän okuwçylar üçin Bilim ministrligi tarapyndan kompýuterleri satyn almak hakyndaky Karara gol çekdi. Bu baradaky çözgüt ýurdumyzda şu ýylyň dört aýynda bitirilen işleriň jemlerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda yglan edildi.
01.05.2026
2124
«DÖM-e ýetmekde ýaşlaryň orny» atly ylmy taslamalaryň halkara bäsleşigi geçiriler
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä günine we Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ýaşlaryň orny» atly ylmy-taslama işleriniň halkara bäsleşigini geçirer.
30.04.2026
3190
Täze okuw kitaplary neşir edildi
Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuwçylary üçin täze okuw kitaplarynyň nobatdaky tapgyry çap edildi.
30.04.2026
2566
Türkmen talyp gyzy rus dili boýunça «Homo dicens» halkara olimpiadasynyň ýeňijisi boldy
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby Medine Sopytaganowa rus dili boýunça «Homo dicens» halkara olimpiadasynda üstünlikli çykyş etdi. Bäsleşik Moskwa şäheriniň mugallymçylyk uniwersiteti we Russiýa Federasiýasynyň Ynsanperwer ylymlary instituty tarapyndan guraldy.
29.04.2026
3426
Almaty şäherinde üç günlük okuw maslahaty geçirildi
Türkmenistanyň wekiliýeti 27 – 29-njy aprelde Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde geçirilýän DARYA SCAFFOLD halkara maslahatyna gatnaşdy.
29.04.2026
2310
«IT-Zehin: sanly synag – 2026» atly hakaton bäsleşiginiň jemi jemlendi
20 – 21-nji aprel aralygynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty tarapyndan guralan «IT-Zehin: sanly synag – 2026» atly hakaton bäsleşigine ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň 19-syndan talyplar gatnaşdylar.
28.04.2026
3070
Mekdep okuwçylarynyň arasynda ders bäsleşikleri geçirildi
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde ýurdumyzyň orta mekdeplerinde bilim alýan 11 – 12-nji synp okuwçylaryň arasynda matematika, himiýa we informatika boýunça ders bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.
28.04.2026
3439
Iňlis dili mugallymlarynyň arasynda geçirilen bäsleşik
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy we 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabyndaky 27-nji orta mekdepde etrabyň iňlis dili mugallymlarynyň arasynda «Iň gowy usuly gollanma» atly bäsleşik geçirildi.
27.04.2026
1934
Orta mekdepleriň okuwçylary üçin täze kitaplar neşir edildi
Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň teklibi boýunça ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuwçylary üçin täze kitaplar çap edildi.
27.04.2026
2527
Ýurdumyzyň mekdep okuwçylary 4 medala eýe boldular
Türkmenistanly mekdep okuwçylar Moskwada 15 – 23-nji aprel aralygynda geçirilen himiýa dersi boýunça 60-njy halkara Mendeleýew olimpiadasyna gatnaşyp, üstünlik gazandylar.