01.04.2026
Ýaş zehinleri goldamak boýunça döwlet syýasatynyň çäklerinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň sazçylyk mekdepleriniň uçurymlarynyň arasynda her ýyl geçirilýän «Ýaş zehin» bäsleşigi guraldy. Bäsleşige ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan 140-a golaý ýaş sazanda gatnaşyp, olar fortepiano, kirişli, kakylyp çalynýan we üflenip çalynýan saz gurallary, şeýle hem milli saz gurallary, bagşyçylyk sungaty, wokal we horeografiýa ýaly ugurlar boýunça öz ukyplaryny görkezdiler.