16.04.2026
Malaýziýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri «Turkmen Travel 2026» halkara sergisine gatnaşyp, türkmenistanly dalaşgärler üçin niýetlenen ýokary bilim mümkinçiliklerini we akademiki maksatnamalary öz içine alýan milli pawilýony hödürlediler. Sergä gatnaşyjylar Malaýziýanyň ýokary okuw mekdepleriniň hödürleýän bilim maksatnamalary, talyp haklary we halkara ugurlary bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.