26-njy ýanwardan 1-nji fewral aralygynda Türkmenistanyň çäklerinde üýtgäp durýan howanyň bolmagyna garaşylýar. Hepdäniň dowamynda howanyň temperaturasy maýyl derejede bolar. Hepdäniň birinji ýarymynda we ahyrynda az-kem gar gatyşykly ýagyş ýagar. Irdenki sagatlarda käbir sebitlerde ümür düşmegi mümkin.
«Gyzyl ýyldyz» ordeni Watan goragynda görkezen mertligi we söweş edermenlikleri üçin görnükli esgerlere gowşurylypdyr. Türkmenistanda şeýle orden bilen sylaglananlar az däl. Düzgün bolşy ýaly, olar 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň esgerleridir.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda giňden bellenilýän Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Balkan welaýatynda hem täze binalardyr desgalaryň açylyş dabaralary ýokary derejede ýaýbaňlandyrylýar.
Her ýyl uly dabaralara, aýdym-sazlara beslenip geçirilýän Watan goragçylarynyň güni 2026-njy ̶ «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ̶ bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň gyş paslynyň ilkinji günleri bilen utgaşýar.