Halkara zenanlar gününe bagyşlanan baýramçylyk konsertlerinde kompozitor Röwşen Nepesow özüniň iň gowy görýän eserleriniň biri bolan «Ejeme» atly sazyny hökman ýerine ýetirýär. Fortepiano we orkestr üçin ýazylan bu eser tutuş Türkmenistanyň diňleýjileriniň kalbyna aralaşýar. Ony diňläninde kimdir biri ýylgyrsa, ýene biriniň gözleri nemlenýär.
FIDE-niň ussady, 20 ýaşly Läle Şöhradowa üç ýyldan soň Türkmenistanyň zenanlarynyň küşt täjini özüne gaýtaryp aldy. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby bu üstünlige Aşgabatda on günüň dowamynda geçirilen Türkmenistanyň çempionatynyň Ýokary ligasynyň zenanlar toparynda ýeňiş gazanyp ýetdi.
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Gurbannazar Ezizowyň şygryýetiniň muşdaklary ýygnandylar. Talyp ýaşlar bilen duşuşyga Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň işgäri, öň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň filologiýa fakultetiniň mugallymy Baýram Goçmyradow çagyryldy.
2026-njy ýylyň 24-nji fewralynda Abu-Dabi şäherinde Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Baýram Baýramowyň Halkara gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça agentliginiň (IRENA) Baş direktory Françesko La Kamera Türkmenistanyň bu halkara guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili hökmünde ynanç hatyny gowşurmagynyň dabaraly çäresi geçirildi.