16.02.2026
Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 13-nji fewralynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli atçylyk we atly sport ugurlary boýunça çäreleriň Maksatnamasynyň işlenip taýýarlanandygyny aýdyp, degişli resminamalara gol çekdi.