Ylym
20.05.2021
7404
Buýan galyndylaryndan işjeňleşdirilen kömür: daşary ýurt önüminiň ornuny tutma we ekologiýa
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň alymlar topary işjeňleşdirilen kömri buýan galyndylaryndan almagyň täze usulyny oýlap tapyp, ony önümçilige girizmegi teklip etdi. Bu ylmy açyş Türkmenistanyň ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň intellektual emläk boýunça Döwlet gullugy tarapyndan resmi hasaba alyndy.
15.05.2021
9023
Türkmen talyplarynyň arasynda iňlis diline ökdeler belli boldy
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň goldamagynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Aşgabadyň 140 ýyllygyna bagyşlanyp internet arkaly geçiren iňlis dili boýunça olimpiadasynyň netijesinde 2 ýeňiji we baýrak eýeleriniň 5-si belli boldy.
10.05.2021
5732
Tükmenistanyň talyplar ýygyndy topary – matematika boýunça onlaýn halkara olimpiadanyň ýeňijisi
Şahsy bäsleşikde 19, toparlaýyn bäsleşikde 3 ýeňiş, bu – Türkmenistanyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň (HYÖU) ilkinji gezek geçiren matematika halkara onlaýn olimpiadasynda türkmen talyplarynyň görkezen netijesi şeýle boldy.
10.05.2021
5011
Türkmen alymlaryna süýşýän çägeleri berkitmegiň netijeli usullaryny kesgitleýän enjam gowşuryldy
Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli milli institutynyň Garryköl meýdançasynda zähmet çekýän alymlaryna ýaňy-ýakynda kuwwatly elektrogenerator we fotoelektrik milli enjamlar gowşuryldy. Çöli öwreniji alymlar bu ýerde tebigy hadysalara gözegçilik edip, ummasyz ylmy işleri hem tejribe-barlaglary amala aşyrýarlar.
07.05.2021
3897
Türkmenistan – fransuz dili boýunça birinji sebit olimpiadasynyň liderleriniň üçlüginde
Ýurdumyzyň dört wekili fransuz dili boýunça sebit internet-oimpiadanyň sylaglaryna mynasyp boldy, şeýlelikde biziň ýygyndy toparymyz dil biliminden liderleriň üçlügine girdi.
04.05.2021
6228
Türkmen talyplary halkara internet-olimpiadada 31 sany altyn medal gazandylar
31 ýeňiji we 95 baýrakçy – bular Türkmenistanyň wekilleriniň Powolžýäniň Döwlet tehnologik uniwersiteti (Ýoşkar-Ola şäheri, Mariý El Respublikasy, Russiýa Federasiýasy) tarapyndan guralan Açyk halkara talyplar internet-olimpiadasynyň iki tapgyryna gatnaşmaklarynyň netijesidir.
03.05.2021
10142
Aşgabatda halkara ylmy maslahat geçirilýär
Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Bilim ministrliginiň guramagynda sanly ulgam arkaly geçirilýän “Innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri” atly halkara ylmy-amaly maslahaty öz işine başlady.
27.04.2021
5124
Daşky gurşawy we suw gorlaryny dolandyrmak boýunça onlaýn-okuwlara gatnaşmak üçin arzalar kabul edilýär
Türkmenistanyň raýatlary Drezdeniň Tehniki uniwersitetiniň daşky gurşawy we suw gorlaryny dolandyrmak hünärini kämilleşdirmek boýunça kämilleşdiriş okuwlaryna gatnaşyp bilerler.
24.04.2021
7338
Türkmen talyplary halkara matematika olimpiadasynda birinji orunlaryň ýedisini eýelediler
Sankt-Peterburgyň informatika tehnologiýalary, mehanika we optika barlaglary milli uniwersitetiniň guran Demirgazyk ýurtlaryň uniwersitetleriniň VII Matematika olimpiadasynda (NCUMC-2021) ýurdumyzyň wekilleriniň 7-si ýeňiş gazandy we 26-sy baýrakly orunlary eýelediler.
23.04.2021
15239
Dünýä dilleri instituty Rus diliniň hepdeligini geçirýär
«Beýik, kuwwatly, hakykatçyl we erkin rus dili!» - Iwan Sergeýewiç Turgenewiň we beýleki beýik rus şahyrlarynyň, kyssaçylarynyň, dramaturglarynyň aýdan sözleri şu günler Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen Milli dünýä dilleri institutynda has dabaraly ýaňlandy, bu ýerde Rus diliniň hepdeligi geçirildi.