Hyzmatdaşlyk
31.08.2026
3976
Türkmenistanyň we Bütindünýä Tebigaty Goramak Gaznasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi
2026-njy ýylyň 31-nji awgustynda wideoaragatnaşyk görnüşinde Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Bütindünýä Tebigaty Goramak Gaznasynyň (WWF) arasynda daşky gurşawy goramak babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy geçirildi.
31.08.2026
3207
GDA agza döwletleriň habarlar agentlikleriniň arasynda özara hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
30-njy awgustda VI Bütindünýä çarwadarlaryň oýunlarynyň esasy geçiriljek ýeri bolan Gyrgyz Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet habarlar agentlikleriniň ýolbaşçylar Geňeşiniň XXXV mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşdy.
31.08.2026
2902
Ýaponiýa bilen Türkmenistan sirkulýar ykdysadyýet ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär
Ýaponiýa sirkulýar ykdysadyýet we galyndylary gaýtadan işlemek ulgamynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýär. Bu barada Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Kitamura Toşihiro köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin geçirilen brifingde aýtdy.
31.08.2026
2398
Aşgabat bilen Tokio strategik we emeli aň ulgamyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrýar
30-njy awgustda Ýaponiýanyň daşary işler ministriniň Türkmenistana amala aşyran iş saparynyň çäklerinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi. Onda Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Kitamura Toşihiro žurnalistleriň öňünde çykyş edip, iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklaryň häzirki tapgyrynyň netijelerini jemledi hem-de döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi uly ugurlary barada aýtdy.
31.08.2026
3422
Türkmenistanyň halkara guramalarynyň çäklerinde öňe sürýän başlangyçlary durmuşa geçirilýär
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda Türkmenistan öz başlangyçlaryny halkara we sebit guramalarynyň, şol sanda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) çäklerinde işjeň ilerledýär.
31.08.2026
3218
Türkmenistanyň Ilçisi ADIHEX halkara sergisiniň çäklerinde Birleşen Arap Emirlikleriniň Arap atlary jemgyýetiniň Baş direktory bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 28-nji awgustynda Abu-Dabi şäherinde geçirilýän Abu-Dabi halkara awçylyk we atçylyk sergisiniň (ADIHEX) çäklerinde Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçisi Baýram Baýramowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Arap atlary jemgyýetiniň Baş direktory Mohammed Ahmed Al Harbi bilen duşuşygy geçirildi.
30.08.2026
2154
Aşgabatda geçiriljek GDA-nyň ykdysady Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde ulag howpsuzlygy esasy meseleleriň biri bolar
Şu ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) ykdysady Geňeşiniň 111-nji mejlisi geçiriler.
30.08.2026
2253
Türkmenistan bilen BMG-niň hyzmatdaşlygy boýunça 2026–2030-njy ýyllar üçin milli «Ýol kartasy» işlenip düzüldi
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
29.08.2026
3727
Fransiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 28-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Filipp Merlen bilen duşuşdy.
29.08.2026
3802
Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi ýurtda diplomatik wezipesini tamamlaýar
2026-njy ýylyň 28-nji awgustynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýurtda diplomatik wezipesini tamamlaýan Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi Beata Peksa bilen duşuşygy boldy.