Jemgyýet
30.10.2024
4638
«The Planet of Art-2024» festiwalynyň ýeňijileriniň arasynda Türkmenistanyň wekilleri hem bar
ÝUNESKO klublarynyň we assosiasiýalarynyň Bütindünýä federasiýasy (WFUCA) bilen bilelikde Gazagystanyň ÝUNESKO klublarynyň Milli federasiýasy tarapyndan gurnalan «The Planet of Art-2024» halkara ýaşlar festiwalyna 30-dan gowrak ýurtdan ýaş zehinler gatnaşdylar.
30.10.2024
3454
Türkmenistanyň wekilleri Almatydaky howa baradaky halkara mekdebine gatnaşarlar
Mugallymlardan we mekdep okuwçylaryndan ybarat Türkmenistanyň wekiliýeti Gazagystanyň Almaty şäherinde geçiriljek mugallymlaryň üçünji halkara maslahatyna, mekdep okuwçylarynyň ikinji halkara festiwalyna we birinji howa baradaky halkara mekdebine gatnaşarlar.
29.10.2024
3324
Türkmenistanyň wekilleri Almatyda geçirilýän sebit forumyna gatnaşýarlar
Sebitde zorlukly ekstremizmiň öňüni almak strategiýalaryny işläp taýýarlamaga bagyşlanan «Merkezi Aziýanyň durnukly geljeginde ýaşlaryň orny» forumy Almatyda öz işine başlady. Çärä Merkezi Aziýa döwletleriniň bäşisiniň, şol sanda Türkmenistanyň wekilleri hem gatnaşýarlar.
28.10.2024
5385
Türkmenistanda ýagyşly howanyň bolmagyna garaşylýar
Oktýabr aýynyň soňunda ýurdumyzda ýagyşly howa bolar. Howanyň temperaturasy +18 gradusdan +23 gradus aralygynda bolar.
27.10.2024
6555
Diýarymyzda Türkmen alabaýynyň baýramy giňden bellenildi
Şu gün ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy. Olaryň çäklerinde sergiler, maslahatlar, alabaýlaryň keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde çeper beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşikleri, beýleki medeni çäreler geçirildi.
26.10.2024
7062
Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň IV mejlisi
Şu gün paýtagtymyzda Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanyp, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň IV mejlisi geçirildi. Bu forum türkmen halkynyň milli baýlygy bolan meşhur alabaýlaryň dünýädäki şöhratyny has-da artdyrmaga gönükdirilen möhüm wakadyr. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan giň gerimli işleriň aýrylmaz bölegidir. Şunda halk seçgiçiliginiň usullarynyň we häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň peýdalanylmagyna ähmiýet berilýär.
24.10.2024
6675
Ýakynda Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap häkimliginde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
Ýakynda Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap häkimliginde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
24.10.2024
5565
Türkmenistan howanyň üýtgemegi meselelerine yzygiderli gözegçilik etmäge çykyş edýär
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagtynda BRIKS agza ýurtlaryň nobatdaky sammiti geçirilýär, oňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşýar.
23.10.2024
4453
GDA-nyň weterinariýa pudagynda hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara Geňeşi mejlisini Aşgabatda geçirdi
Şu ýylyň 22-nji oktýabrynda Aşgabatda GDA agza ýurtlaryň weterinariýa pudagyndaky Hökümetara Geňeşiniň 46-njy mejlisi geçirildi.
22.10.2024
3724
Türkmenistan derman serişdelerine gözegçilik guramalarynyň Hindistanda geçen halkara maslahatyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hünärmenleri Halkara derman serişdelerine gözegçilik guramasynyň (ICDRA) 2024-nji ýylyň 14–18-nji oktýabry aralygynda Nýu-Delide geçen 19-njy maslahatyna gatnaşdy.