Jemgyýet
07.07.2024
5586
Saýlawlar boýunça ses bermek tamamlandy
Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlawlary boýunça sagat 19-a çenli saýlawçylaryň 91,32% ses berdi.
07.07.2024
5378
Saýlawlar boýunça ses bermek başlandy
Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlawlary boýunça ses bermek 2024-nji ýylyň 7-nji iýulynda saýlaw uçastoklarynyň ählisinde (60 sany) sagat 7-de başlandy we 19-da tamamlanýar.
05.07.2024
9517
Döwletimiziň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny demokratiýalaşdyrmagyň ýolunda
7-nji iýulda, ýekşenbe güni Aşgabatda möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre — aýry-aýry saýlaw okruglary boýunça Mejlisiň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine saýlawlar geçiriler.
04.07.2024
5317
Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny beýan etdi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Sammitiniň çäklerinde geçirilen wekiliýet baştutanlarynyň «ŞHG+» görnüşindäki duşuşygyndaky çykyşynda Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygyň beýleki möhüm ugurlarynyň hatarynda söwdany, senagat kooperasiýasyny, oba hojalyk ulgamyny, «ýaşyl» gün tertibini, maglumat tehnologiýalary ulgamyndaky hyzmatdaşlygy hasaplaýandygyny aýtdy.
04.07.2024
6048
Türkmenistanyň ýaşlary: halkara gatnaşyklar strategiýasy hereketde
Halkara gatnaşyklarynyň häzirki ösüşi ýaşlar baradaky meselelere neneňsi ünsli we çynlakaý garalmalydygyny görkezýär. Ýaş nesilleriň halkyň hem-de döwletiň ykbaly üçin jogapkärçilige düşünişi öz-özünden gerekli derejä ýetmeýär. Bu meselelerde maşgalanyň hem-de jemgyýetçilik we döwlet düzümleriniň tagallalary dogry ugra gönükdirilmelidir.
03.07.2024
3965
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany okyjylara ýetirildi
Şöhratly ýylyň şanyna şan goşan taryhy wakalar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sanynda öz beýanyny tapdy. Žurnalyň şu ýyldaky altynjy sany ýakynda elektron görnüşde okyjylar köpçüligine ýetirildi.
29.06.2024
10790
Döwlet ähmiýetli şäheriň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli dabaralar
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ýyl ýazgysyna möhüm sahypa bolup ýazylan, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp nyşanyna öwrülen Arkadag şäheriniň açylanyna bir ýyl boldy. Bu şanly waka mynasybetli bu ýerde dabaraly çäreler we baýramçylyk maslahaty geçirildi.
28.06.2024
5152
Türkmenistanyň habar beriş serişdeleriniň wekilleri Durnukly ösüş maksatlary boýunça okuwlara gatnaşdy
27-28-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Durnukly ösüş maksatlary boýunça Ylmy we usulyýet merkezinde Aşgabatda we Arkadag şäherinde ýerleşýän metbugat wekilleriniň gatnaşmagynda okuw geçirildi.
28.06.2024
4158
BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýa merkeziniň akademiýasynyň diňleýjileri emeli aňyň bähbitli we zyýanly taraplaryna baha berdiler
BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň Öňüni alyş diplomatiýa akademiýasynyň diňleýjileri «Innowasiýalar we emeli aň parahatlygyň hyzmatynda» atly onlaýn okuwa gatnaşdylar.
27.06.2024
3735
Bişkekde Merkezi Aziýada saglygy goraýşa maýa goýumlary gönükdirmek boýunça halkara forum geçirildi
Türkmenistanyň wekiliýeti 26-27-nji iýunda Gyrgyzystan Respublikasynyň Bişkek şäherinde geçirilen Merkezi Aziýada saglygy goraýşa maýa goýumlary gönükdirmek boýunça ilkinji halkara foruma gatnaşdy.