mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Medeniýet

news-photo

07.03.2021

total-veiw

9428

Türkmen nakgaşlarynyň zenanlar hakda we zenanlara bagyşlan işleri

Şekillendiriş sungaty muzeýinde açylan sergi Halkara zenanlar gününe bagyşlanypdyr. Baýramçylyk sergisinde žiwopis we amaly-haşam sungaty eserleri goýlupdyr. Olaryň arasynda tanaymal nakgaşlar –Ýewgeniýa Adamowanyň «Ene», Aýhan Hajyýewiň «Bahar», Ýarly Baýramowyň «Siren» ýaly belli işleri, olaryň gapdalynda bolsa häzirki nakgaşlaryň işleri görkezilýär.

news-photo

06.03.2021

total-veiw

5463

Zenan nakgaşlaryň döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi

Halkara zenanlar baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzyň Sergi merkezinde döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi, oňa däp bolşy ýaly nakgaş zenanlar gatnaşdylar. Sergä gelenler bäsleşige hödürlenen söýgi we bahar röwüşleri ruhuna ýugrulan eserler bilen tanyşdylar.

news-photo

04.03.2021

total-veiw

14695

Myrat Sadykow: türkmen estradasynda öçmez yz galdyran zehin

«Ýuwaş! Synag gidýär!» ýazgyly işik açylyp, Türkmen döwlet sazçylyk uçilişşesiniň kabul ediş toparynyň öňünde görmegeý sypaýy ýigit, «Suwhojalygytaslama» institutynyň kiçi ylmy işgäri peýda boldy. Topar agzalary ondan ilki bilen: «Ýaş ýigit ýalňyşan dälsiňiz-ä? – diýip sorajak boldular. Ýöne dalaşgär Sadykow Myrat diýip adyny aýtdy. Topar agzalary köpi gören adamlar: olar üýtgeşik zehinlere-de, munuň tersine, juda çöňňelere-de, şeýle hem durmuşyny düýpgöter üýtgedip, aýdymçy bolmaga höwes edýän skripkaçylardyr pianinoçylara hem gabat gelýärler. Ýöne ylmy işgäriň okuwa girmäge dalaşgär bolanyny welin heniz görmändiler. Myrat Sadykow aýdyma başlandan talapkär topar agzalarynyň ýüregi pagyş-para eräp gitdi...

news-photo

01.03.2021

total-veiw

28043

Gurbannazar Ezizowy hatyralap: bahar ylhamy

Daragtlar pyntyk ýaryp, näzik güller köňül joşdurýan baharyň ilkinji güni – 1-nji martda ajaýyp türkmen şahyry Gurbannazar  Ezizow dünýä inipdi (1940-1975 ýý.). Tutuş 2020-nji ýylyň dowamynda ýurdumyzda türkmenistanlylaryň ençeme nesliniň halaýan şahyrynyň doglan gününiň 80 ýyllygyna bagyşlanan çäreler geçirildi...

news-photo

28.02.2021

total-veiw

4058

Nakgaşlarymyzyň eserleri ilçihanada

Ýurdumyzyň tanymal nakgaşlary ABŞ-yň ilçihanasynyň işgärlerini žiwopis eserleri arkaly türkmen halkynyň taryhy, medeniýeti, durmuşy bilen tanyşdyryp başladylar. Olaryň ygtyýaryna berlen özboluşly sergi meýdançalarynda -- binanyň käbir iş otaglarynyň we hollarynyň diwarlarynda nakgaşlar gezekleşip öz çeken suratlaryny asýarlar.

news-photo

25.02.2021

total-veiw

9581

Ýürege ýakyn, ýürekden aýdylýan köp sesli aýdym – a kapella

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda halkara onlaýn-duşuşyklary tapgyry Amerikanyň «re Voiced» wokal toparynyň konserwatoriýanyň, Daňatar Öwezow adyndaky sazçylyk orta hünär mekdebiniň, şeýle hem welaýatlaryň  sazçylyk mekdepleriniň hor toparlary bilen bilelikdäki wirtual-konserti bilen jemlendi.

news-photo

24.02.2021

total-veiw

11963

Kanonyň, dutaryň we gyjagyň özara söhbedi

«Ermenistanyň we Türkmenistanyň kirişli halk saz gurallary» temasyndan halk saz gurallary ussatlarynyň ikinji halkara onlaýn-duşuşygy geçirildi. Oňa Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň we Komitas adyndaky Ýerewan döwlet konserwatoriýasynyň talyplarydyr mygallymlary gatnaşdylar.

news-photo

23.02.2021

total-veiw

4401

«Dessanyň» hoşowaz çykyşlary

Daşoguz welaýatynyň M. Garlyýew adyndaky ýörüteleşdirilen sungat mekdebiniň «Dessan»  skripkaçylar topary  täze konsert maksatnamasyny taýýarlady.

news-photo

22.02.2021

total-veiw

9963

«Ýazmyrat, bu kitap bilen adyň asyrlar aşar»

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ylmy we döredijilik işleri boýunça prorektory Ýazmyrat Rejebowyň yzly-yzyna iki kitaby neşir edilenden soň kärdeşleri oňa Wiktor Uspenskiniň işini dowam ediji diýip ugradylar, ol egindeşi Wiktor Belýaýew bilen  bilelikde 1925-1928-nji ýyllarda tutuş Türkmenistany aýlanyp, türkmen halk aýdymlaryny we dutar, gyjak, tüýdük sazlaryny nota geçiripdi. Bu iki höwesegiň wagty az bolansoň olar sazlary nota gysgaça geçiripdirler. Şeýle bolsa-da ol kitap täze nesliň sazandalary üçin bahasyna ýetip bolmajak peýdaly neşir bolupdy.

news-photo

22.02.2021

total-veiw

4437

Awtory – Kössek

Ildeşimiz maryly nakgaş Kössekmyrat Nurmyradowyň suratlaryna şu ýylky sowuk hem garly Moskwanyň ýaşaýjylary syn etseler, olaryň göwni galkynardy.

...359