Ylym
25.06.2025
2602
Türkmenistanyň wekiliýeti “UI GreenMetric” boýunça XI halkara maslahata gatnaşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti uniwersitetleriň “UI GreenMetric” (IWGM 2025) dünýä reýtingi boýunça XI halkara maslahata gatnaşmak üçin Fransiýanyň Hissa şäherinde iş saparynda boldy. Çäre Indoneziýanyň uniwersiteti we Fransiýanyň Kot d’Azur uniwersiteti tarapyndan bilelikde geçirildi.
24.06.2025
3087
Türkmen wekiliýeti UNIDO taslamasynyň çäklerinde Moskwa şäherinde boldy
15-22-nji iýun aralygynda türkmen wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň senagat ösüşi boýunça (UNIDO) taslamalarynyň çäklerinde geçirilen iş sapary bilen Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwa şäherinde boldy.
23.06.2025
4192
Kent döwlet uniwersitetiniň wekiliýeti türkmen ýokary okuw mekdeplerine baryp gördi
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Kent döwlet uniwersitetiniň (ABŞ) wise-prezidenti Marçello Fantoniniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.
20.06.2025
3870
Türkmenistanda täze okuw kitaplary çykaryldy
Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň teklibi boýunça ýurduň ýokary okuw mekdepleri we umumy bilim berýän orta mekdepleri üçin täze okuw kitaplary çykaryldy.
19.06.2025
3834
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 14-si «THE Impact Rankings-2025» dünýä reýtinginiň sanawynda orun aldy
«Times Higher Education (THE)» Britan guramasynyň garaşsyz halkara bilermenleriniň ykrarnamasyna eýe bolan Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 14-si «THE Impact Rankings-2025» atly her ýyl çap edilýän täsir etmegiň ählumumy reýtinginiň ýedinji neşiriniň setirlerinde ýerleşdiler.
18.06.2025
4935
Türkmenistanda «Oguz hanyň zehinli nesilleri» atly III utgaşdyrylan olimpiadanyň ýeňijileri sylaglandy
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde «Oguz hanyň zehinli nesilleri» atly III utgaşdyrylan olimpiadanyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.
18.06.2025
3965
Üzümçiligi ösdürmekde kükürtli paýa betonlaryň ähmiýeti
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň Energiýany öndürmegiň we tygşytlamagyň hem-de metrologiýa ölçeg serişdelerini barlaýan ylmy barlaghanasy üzümçiligi ösdürmekde kükürtli paýa betonlary işläp taýýarlady.
18.06.2025
3272
Grasyň tehniki uniwersitetiniň professory Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda boldy
Grasyň tehniki uniwersitetiniň Elektronika institutynyň elektrotehnika boýunça professory Dewid Pommerenke iş sapary bilen Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutyna geldi.
17.06.2025
2851
Nýu-Ýork tehnologik institutyndan ylymlaryň doktory türkmen ýokary okuw mekdebinde okuw maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Ýokary bilimde sanlylaşdyrmak, IT we emeli aň» diýen tema boýunça bilim ulgamyna STEM tehnologiýasyny ulanmak boýunça okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahaty Nýu-Ýork tehnologik institutyndan pedagogik ylymlaryň doktory, «Fulbright» halkara maksatnamasynyň hünärmeni Melda Ýyldyz geçirdi.
17.06.2025
3502
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda uçurymlary hormatlamak dabarasy boldy
16-njy iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda 2025-nji ýylyň uçurymlaryna diplomlary gowşurmak dabarasy geçirildi.