2026-njy ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa bilen Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça sebit direktory Piter Wan Rooýuň arasynda duşuşyk geçirildi.
2026-njy ýylyň 12-nji martynda Tokioda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramowyň Ýaponiýanyň atçylyk sport birleşiginiň we Tokio atçylyk toplumynyň ýolbaşçylary Ito Hiroşi hem-de Ýoşikazu Masuda bilen duşuşygy geçirildi.
2026-njy ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanowyň Awstraliýanyň Türkmenistandaky Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Jon Wilýam Giring bilen duşuşygy geçirildi.
Aşgabatda geçirilýän 2026-njy ýylyň Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogy ugrundaky ýaryşda Türkmenistanyň 20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndy topary iň oňat bäş toparyň hataryna goşuldy.
«Daşoguzýersuwgurluşyk» hojalyk hasaplaşygyndaky önümçilik kärhanasynyň işgärleri täze zeýkeş-zeýakaba ulgamlaryny çekmek we hereket edýänleriniň durkuny täzelemek işlerini alyp barýarlar.