2026-njy ýylyň 26-njy sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Gruziýanyň Adalatçysy Lewan Ioseliani bilen duşuşygy boldy.
2026-njy ýylyň 24-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili Wepa Hajiýew Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň daşary işler ministrleriniň her ýylky utgaşdyryjy duşuşygynda çykyş etdi.
Şu gün paýtagtymyzdaky Mejlisler merkezinde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti geçirildi. Dabara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem gatnaşmagy onuň ähmiýetini we derejesini has-da artdyrdy.
Şu gün Döwlet migrasiýa gullugynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken ynsanperwer Karary esasynda Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşaýan daşary ýurtly raýatlara Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalaryň gowşurylyş dabarasy boldy.