05.08.2026
Şu gün paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hem-de BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň bilelikde guramagynda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak ulgamlaryny berkitmek boýunça ýokary derejeli milli «tegelek stol» maslahaty geçirildi. Bu iri çärä Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa, Mejlisiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, ugurdaş edaralaryň, ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, iri halkara maliýe düzümleriniň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň wekilleri gatnaşdylar.