Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýanynda esaslandyrýan «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 10-njy sany okyjylara gowuşdy.
Türkmenistanda milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, öňdebaryjy halkara tejribäni öwrenmek we okuw-usulyýet üpjünçiligini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler täze neşirler bilen has-da baýlaşdyrylýar.
2026-njy ýylyň 4-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (BMG-Habitat) sebitara geňeşçisi Katýa Şeferiň arasynda duşuşyk geçirildi.
2026-njy ýylyň 3-nji noýabrynda Türkmenistanyň DIM-inde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Aşgabada wekiliýetiň uly düzümi bilen gelen Awstriýa Respublikasynyň Federal Geňeşiniň Başlygy Kristin Şwars-Fuks bilen duşuşygy geçirildi.
2026-njy ýylyň 3-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň degişli pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlarynyň hem-de Halkara migrasiýa guramasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda bosgunlary goramak we halkara migrasiýa boýunça Almaty prosesiniň tanyşdyrylyşy geçirildi.