mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Sport

news-photo

11.08.2025

total-veiw

6640

2026-njy ýylda geçiriljek Aziýa Kubogynyň saýlama ýaryşlarynda Türkmenistanyň 17 ýaşa çenli ýetginjekler ýygyndysynyň garşydaşlary kesgitlenildi

Tailand, Kuweýt, Mongoliýa we Maldiwleriň milli ýygyndy toparlary 17 ýaşa çenli ýetginjekler ýygyndylarynyň (U17) arasynda geçiriljek 21-nji Aziýa Kubogynyň saýlama ýaryşyna gatnaşmak üçin Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçirilen bije çekişlikden soň türkmen futbolçylarynyň garşydaşlary hökmünde saýlandy.

news-photo

10.08.2025

total-veiw

5627

«Altyn asyr» futbol topary Türkmenistanyň çempionatynda üçünji orna gaýdyp geldi

«Altyn asyr» toparynyň futbolçylary ýokary liganyň toparlarynyň arasynda geçirilýän 2025-nji ýyldaky futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň üçünji aýlawyny üstünlikli başlap, 15-nji tapgyryň jemleýji duşuşygynda paýtagtymyzyň «Aşgabat» toparyny 2:1 hasabynda utup ýeňiş gazandylar.

news-photo

08.08.2025

total-veiw

5631

Didar Durdyýew «Arkadag» toparyna ýeňiş getirdi

Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda geçirilýän 2025-nji ýyldaky futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 15-nji tapgyrynda «Arkadag» toparynyň futbolçylary nobatdaky uly ýeňşini gazandylar. 

news-photo

08.08.2025

total-veiw

5438

Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy ilkinji gezek FIDE-niň TOP-50 görkezijisine girdi

Türkmenistanyň zenanlar milli ýygyndy topary ilkinji gezek dünýäniň TOP-50 görkezijisine girip, 2025-nji ýylyň iýul aýynyň netijesi boýunça Halkara küşt federasiýasynyň (FIDE) her aý täzeleýän umumy sanawynda 50-nji orny eýeledi.

news-photo

07.08.2025

total-veiw

5732

«Ahal» futbol topary Türkmenistanyň çempionatynyň üçünji aýlawyny ýeňiş bilen başlady

Balkanabat şäheriniň «Nebitçi» toparyny 2:0 hasabynda utan «Ahal» topary  ýokary liganyň toparlarynyň arasynda geçirilýän 2025-nji ýyldaky futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň üçünji aýlawyny ýeňiş bilen başlady.

news-photo

05.08.2025

total-veiw

6286

«Arkadag» futbol topary Türkmenistanyň çempionatynyň üçünji aýlawyny ýeňiş bilen başlady

Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 20-nji tapgyrynyň yza süýşürilen duşuşygynda «Arkadag» topary «Aşgabat» toparyny 4:0 hasabynda ýeňdi.

news-photo

03.08.2025

total-veiw

6469

Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň üçünji aýlawy başlaýar

Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda geçirilýän futbol boýunça 2025-nji ýyldaky Türkmenistanyň çempionatynyň üçünji aýlawy, «Arkadag» bilen «Aşgabat» toparlarynyň arasynda 20-nji tapgyryň yza süýşürilen duşuşygy bilen başlar.

news-photo

02.08.2025

total-veiw

5975

Türkmenistanyň welosipedçileri Koreýa Respublikasynda hünär derejesini ýokarlandyryş okuwyny geçdiler

9 – 24-nji iýuly aralygynda Koreýa Respublikasynyň Ýondju şäherinde «UCI Level 2 Coaching Course» tälimçilik okuwy geçirildi. Okuw, Bütindünýä welosport merkezi (WCC) hem-de Koreýa Respublikasynyň welosport federasiýasy tarapyndan guralan ýaşlar üçin ýol welosiped ýaryşy bilen baglylykda geçirildi. Bu çärä Indoneziýanyň, Gazagystanyň, Kambojanyň, Gyrgyzystanyň, Mongoliýanyň, Mýanmanyň, Pakistanyň we Türkmenistanyň wekilleri gatnaşdylar.

news-photo

30.07.2025

total-veiw

6029

Türkmen küştçüleri Merkezi Aziýa çempionatynda taryhy üstünlik gazandylar

Gyrgyzystanyň Çolpon-Ata şäherinde tamamlanan küşt oýnunyň nusgawy görnüşi boýunça ýetginjekleriň arasynda geçirilen 3-nji Merkezi Aziýa çempionatynda türkmen küştçüleri umumy toparlaýyn hasapda 6 medal bilen 2-nji orna çykyp, taryhy üstünlige eýe boldular.

news-photo

27.07.2025

total-veiw

6042

Doganlar Toýlyýewler «Ýüpek ýoly-2025» ralli ýaryşynda ýeňiji boldular

Türkmenistanly doganlar Merdan we Şöhrat Toýlyýewler Russiýanyň we Mongoliýanyň çäklerinden geçen «Ýüpek ýoly-2025» halkara awtorallide ýeňiji boldular. Olar bu üstünligi seriýaly ýol dannamazlaryň T2 synpynda gazandylar, bu synpa «Nissan Patrol» awtoulaglarynda diňe üç topar – Türkmenistanyň Awtoulag sport federasiýasynyň ähli wekilleri gatnaşdylar.

...249