Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Finlýandiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Maria Agreden ynanç hatyny kabul etdi.
Türkmenistanda galla oragy möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem düýn bu işe girişdiler.
2026-njy ýylyň 10-njy iýunynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi D.Seýitmämmedow Gruziýanyň Halk goragçysy (Ombudsmen) L.Ioseliani bilen duşuşdy.
2026-njy ýylyň 10-njy iýunynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi D. Seitmammedow Gruziýanyň Bilim, ylym we ýaşlar ministri G. Mikanadze bilen duşuşdy.
2026-njy ýylyň 10-njy iýunynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sasaki Hiroşi bilen duşuşygy geçirildi.