Türkmenistanyň Täze Zelandiýadaky Ilçisi A.Baýramow (oturýan ýeri Tokio şäheri) Täze Zelandiýanyň Milli güni – Waýtangi güni mynasybetli her ýyl 6-njy fewralda geçirilýän döwlet çärelerine gatnaşdy.
2025-nji ýylyň 5-nji fewralynda Stambulyň Medipol uniwersitetinde 2026-njy ýylyň şygaryna - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» atly şygara bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi.
Türkmenistanyň paýtagty möwsümiň iň möhüm sport wakalarynyň birini – AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň 1/8 final tapgyrynyň ilkinji duşuşygyny geçirmäge işjeň taýýarlyk görýär. Şol gün futbol meýdançasynda Türkmenistanyň häzirki çempiony «Arkadag» we Saud Arabystanynyň iň ökde topary «Al-Nassr» toparlary duşuşarlar.
Täze ýylyň gelmegi Türkmenistanda hakyky futbol joşguny bilen utgaşdy. Bu bolsa geň galdyrýan ýagdaý däldir. Türkmenistanlylar elmydama bu iň meşhur sport görnüşiniň hakyky muşdaklarydyr.
Daşoguzda şäher çäkleri abadanlaşdyrmaga, amatly we estetiki taýdan gelşikli gurşawy döretmäge gönükdirilen inženerçilik, gurluşyk we landşaft işleri işjeň alnyp barylýar.