Türkmenistanyň «El Darak» haly kärhanasy Türkmen halysynyň milli muzeýi bilen hyzmatdaşlykda beýik rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň ertekileriniň esasynda özboluşly elde dokalan halyny döretdi. Taslama Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky dostlugyň nyşany hökmünde amala aşyryldy.
Türkmenistanyň Konstitusiýa binasynyň öňündäki meýdançada Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýokary serkerdeler düzümini we işgärleri taýýarlaýan Türkmenistanyň Harby akademiýasynyň, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary üçin hünärmenleri ýetişdirýän ýokary okuw mekdepleriniň nobatdaky uçurymlarynyň goýberiliş dabarasy boldy.
Ýurdumyzyň üç şäherinde futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 12-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. Oýunlar janköýerleri derwezä giren köp pökgi, öňdebaryjy toparlaryň ynamly ýeňişleri we myhmanlaryň berk garşylaşmalary bilen begendirdi. Dört duşuşykda jemi 12 pökgi derwezä girizildi.
cGaraşsyzlyk ýyllarynda gurlup ulanylmaga berlen, dünýäniň kämil lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen, häzirkizaman binagärlik sungatynyň nazaryýeti siňen «Farap» şypahanasy ýurdumyzyň şypahanalar ulgamynyň iň esasylarynyň biridir.