Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Hatyra güni mynasybetli «Mukaddes hatyra» atly sergi guraldy. Sergi iki bölekden ybarat: olaryň birinjisi, Aşgabat ýer titremesine, ikinjisi bolsa Gökdepe söweşine bagyşlanýar.
2023-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Aşgabatda iş sapary bilen bolýan Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň (HGHK) Merkezi Aziýadaky sebit wekilhanasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Žak Barberisiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy instituty 1948-nji ýyldaky Aşgabat ýer titremesiniň 75 ýyllygyna bagyşlap ylmy-nazary konferensiýa geçirdi.