Türkmenistanyň Konstitusiýa binasynyň öňündäki meýdançada Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýokary serkerdeler düzümini we işgärleri taýýarlaýan Türkmenistanyň Harby akademiýasynyň, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary üçin hünärmenleri ýetişdirýän ýokary okuw mekdepleriniň nobatdaky uçurymlarynyň goýberiliş dabarasy boldy.
Ýurdumyzyň üç şäherinde futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 12-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. Oýunlar janköýerleri derwezä giren köp pökgi, öňdebaryjy toparlaryň ynamly ýeňişleri we myhmanlaryň berk garşylaşmalary bilen begendirdi. Dört duşuşykda jemi 12 pökgi derwezä girizildi.
cGaraşsyzlyk ýyllarynda gurlup ulanylmaga berlen, dünýäniň kämil lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen, häzirkizaman binagärlik sungatynyň nazaryýeti siňen «Farap» şypahanasy ýurdumyzyň şypahanalar ulgamynyň iň esasylarynyň biridir.
Türkmenistanyň Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmek boýunça giň gerimli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Guramaçylyk işleriniň barşy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy.