mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Medeniýet

news-photo

22.07.2022

total-veiw

6578

Körpeler üçin sowgat

A.S. Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň artistleri paýtagtymyzyň 72-nji çagalar bagynda myhmançylykda boldular. Olar körpeje tomaşaçylara iň gowy oýunlarynyň biri – «Saýry towşan» erteki-komediýany görkezdiler.

news-photo

19.07.2022

total-veiw

45549

Türkmenistanyň taryhy-medeni mirasy dünýäde giňden wagyz edilýär

Ministrler Kabinetiniň 8-nji iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türkmen halkynyň medeni mirasyny dünýäde giňden wagyz etmegiň we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi dowam etdirmegiň wajypdygyny belledi.

news-photo

18.07.2022

total-veiw

5470

Disneý multfilmleriniň mukamlary

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň «Multfilmleriň simfoniki meşhur aýdym-sazlary» konserti geçirildi. Konsertiň diňleýjileriniň aglabasy ýaşajyk saz muşdaklaryndan ybarat boldy.

news-photo

15.07.2022

total-veiw

6745

Nesillerde dowam edýän ussatlyk

Türkmenistanyň Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýi ýurdumyzda bellenilýän baýramçylyklarda we belli senelerde türkmen suratkeşleriniň işleriniň sergisini guramak işlerini yzygiderli alyp barýar. Şeýle sergilerde köplenç suratkeş Nikolaý Çerwýakowyň eserleri hem goýulýar. 

news-photo

13.07.2022

total-veiw

9888

Türkmenistanyň gözel ýerleri Pol Nadaryň fotosuratlarynda

Pol Nadaryň fotoatelýesiniň arhiwi – Fransiýanyň Binagärlik we medeni mirasy mediatekasynyň esasy gorlarynyň biridir. Fotosuratçy Türkmenistanyň baý taryhy-medeni mirasy bilen gyzyklanypdyr.

news-photo

12.07.2022

total-veiw

16473

«Istärin» filminiň ilkinji görkezilişi

Paýtagtymyzyň «Aşgabat» kinoteatrynda türkmen akyldary Magtymguly Pyraga bagyşlanan «Istärin» atly, gysga metrazly çeper filmiň ilkinji görkezilişi geçirildi. Film Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde režissýor Arslan Eýeberdiýewiň ýolbaşçylygynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýylygy mynasybetli surata düşürildi.

news-photo

09.07.2022

total-veiw

8116

Biz suşi tagamyny halaýarys!

Şeýle at bilen Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, Döwlet şekillendiriliş sungaty muzeýinde çäre geçirildi. Ony Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Şekillendiriliş sungaty muzeýiniň ýardam bermeginde gurady.

news-photo

08.07.2022

total-veiw

8274

Kitap festiwaly geçirildi

Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky ikitaraplaýyn diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň amatly we giň okalgasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň goldawy we kitaphananyň kömegi bilen ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň guran Kitap festiwaly geçirildi.

news-photo

07.07.2022

total-veiw

5557

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen wideoduşuşyk

Şu gün Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde türkmen we fransuz hünärmenleriniň wideoduşuşygy geçirildi. Ol Fransiýanyň Luwr muzeýinde Türkmenistanyň muzeý gymmatlyklarynyň sergisini guramak meselesine bagyşlandy. Onlaýn duşuşykda türkmen hünärmenleri, şol sanda Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we dikeltmek boýunça Milli müdirligiň işgärleri Luwr muzeýiniň Gadymy Gündogar departamentiniň ylmy işgärleri bilen sergini guramagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

news-photo

07.07.2022

total-veiw

10094

Talyplar teatrynyň sahnasynda nusgawy eserler

Türkmen döwlet Medeniýet institutynyň teatr sungaty fakultetiniň ikinji ýyl talyplary nusgawy drama eserleri esasynda üç oýnuň ilkinji görkezilişini geçirdiler.

...359