Medeniýet
18.02.2026
3276
Gündogar rowaýatlarynyň we rus ertekileriniň simfoniýasy
Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmenistanyň at gazanan artisti Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet simfoniki orkestriniň «Simfoniki suratlar» atly konserti uly üstünlik gazandy.
18.02.2026
3278
Halkara zenanlar gününe sazly sowgatlar
Şu günlerde Türkmenistanyň medeniýet we sungat işgärleri zenanlarymyz üçin aýdym-sazly konsertleri we çykyşlary taýýarlaýarlar. «Melodiýa» orkestri hem paýtagtymyzyň zenanlary we Aşgabadyň myhmanlary üçin Halkara zenanlar güni mynasybetli «Onuň sesinde nur bar» atly konsert maksatnamasyny hödürleýär.
17.02.2026
3699
Türkiýede Türkmenistanyň Kino günleri geçirilýär
2026-njy ýylyň 16-18-nji fewraly aralygynda Ankara şäherinde Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Kino günleri geçirilýär. Bu çäre Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmekde we berkitmekde möhüm medeni waka öwrüldi.
17.02.2026
2266
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli täze sahna oýny sahnalaşdyrylýar
Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatry tarapyndan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýen ýylyň şygaryna bagyşlanan «Seýis» atly täze sahna oýnuny taýýarlaýar.
16.02.2026
2105
Röwşen Nepesowyň orkestriniň «Saz - kinonyň jany» atly konserti
«Watan» kinokonsert zalynda «Saz – kinonyň jany» atly konsert boldy. Onda Röwşen Nepesowyň orkestriniň sazandalary aşgabatly tomaşaçylary we paýtagtymyzyň myhmanlaryny ýene-de türk teleseriallaryndan ajaýyp sazlar bilen begendirdiler.
13.02.2026
2214
Şeker Hudaýberenowa: Ussadyň elleri bilen döredilen gözellik
Haly suratkeşi Şeker Hudaýberenowanyň 50 ýaşynyň dolmagy mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde eserleriniň şahsy sergisi guraldy.
13.02.2026
3773
Türkmenistanyň at gazanan artisti Batyr Çaryýew TÜRKSOÝ-nyň baýragyna mynasyp boldy
Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) hem-de Türkiýäniň «Tiyatro» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde guramaklarynda Stambul şäherinde bu gurama agza döwletleriň teatr işgärlerini dürli ugurlar boýunça sylaglamak dabarasy geçirildi.
12.02.2026
5019
Türkmen kinosynyň hepdeligi, sergiler we teatrlarda görkeziljek sahna oýunlar
16 – 22-nji fewral aralygynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan baýramçylyk hepdeligi geçiriler.
11.02.2026
5498
«Bedew batly Watanym» atly sergi guraldy
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergi zalynda «Bedew batly Watanym» atly şekillendiriş sungatynyň eserleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Sergi ýurdumyzyň şu ýyldaky «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygary, şeýle hem her bir türkmenistanlynyň buýsanjyna öwrülen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň dünýä derejesindäki üstünlikleri bilen sazlaşykly utgaşýar.
10.02.2026
4538
Italýan dizaýnynyň gözellikleri görkezildi
Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Italiýa Respublikasy bilen ikitaraplaýyn ylalaşyklar esasynda bellenilen Italýan dizaýnynyň günleri öz işine başlady.