Sport
05.05.2023
5463
«Köpetdag» bilen «Altyn asyr» deňme-deň oýnadylar, «Ahal» dördünji ýeňlişe sezewar boldy
Futbol boýunça ýokary liganyň toparlarynyň arasynda Türkmenistanyň çempionatynyň 5-nji tapgyry Aşgabatda we Türkmenbaşyda geçirilen iki oýun bilen başlandy.
05.05.2023
5057
Janni Infantino: «Türkmenistana gelenime diýseň begenýärin»
Futbol assosiasiýalary halkara federasiýasynyň (FIFA) Prezidenti Janni Infantino žurnalistlere Merkezi Aziýa ýurtlaryna saparynyň çäklerinde Türkmenistana amala aşyran ilkinji saparyndan galan täsirler barada aýdanda: «Türkmenistana gelenime diýseň begenýärin» – diýdi.
05.05.2023
5145
Arkadag şäherinde FIFA-nyň Okuw-usulyýet merkezi gurlar
Türkmeniň paýtagtyndan 30 kilometr uzaklykda gurulýan Arkadag şäherinde FIFA-nyň Okuw-usulyýet merkezi gurlar. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Futbol assosiasiýalary halkara federasiýasynyň (FIFA) baştutany Janni Infantino bilen geçirilen duşuşygynda bu barada ylalaşyk gazanyldy.
03.05.2023
5291
«Arkadag» futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrunda ýaryşyň çärýek finalyna çykdy
«Arkadag» toparynyň futbolçylary deslapky tapgyryň iki oýnunyň jemi boýunça Marynyň «Energetik» toparyndan üstün çykyp, Türkmenistanyň Kubogy ugrunda ýaryşyň çärýek finalyna çykdylar.
03.05.2023
5964
Türkmenistanyň karate ýygyndysy Ermenistanda geçirilen «Ararat-kubogy 2023» atly halkara ýaryşynda 22 medal gazandy
Ýerewan şäherinde tamamlanan «Ararat-kubogy 2023» adaty karate boýunça geçirilen halkara ýaryşynda Türkmenistanyň türgenleri 22 medal gazandylar.
02.05.2023
7748
«Arkadag» topary «Şagadamdan» üstün çykmagy başardy
«Arkadag» futbol topary, ýokary liganyň toparlarynyň arasynda Türkmenistanyň çempionatynda üçünji ýeňşini gazandy. «Arkadag» futbol toparynyň türgenleri Türkmenbaşynyň «Şagadamyndan» 4:0 hasabynda ýeňiş gazanmaga başardylar.
02.05.2023
5247
Türkmenistana FIFA-nyň Prezidenti Janni Infantino sapar bilen geler
Futbol assosiasiýalary halkara federasiýasynyň (FIFA) Prezidenti Janni Infantino 2023-nji ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistana sapary bilen geler.
30.04.2023
5168
«Köpetdag» we «Deňizçi» Türkmenistanyň futzal boýunça Naýbaşy ligasynda bäsdeşlerinden ara açýarlar
Türkmenistanyň 2023-nji ýylyň futzal boýunça Naýbaşy ligasynyň 6-njy tapgyrynyň oýunlary garaşylşy ýaly tamamlandy, birinji aýlawyň jemleýji bölegi Aşgabatda - Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň sport zalynda geçirilýär.
29.04.2023
5043
«Köpetdag» ýurdumyzyň 2023-nji ýylyň futzal boýunça Naýbaşy ligasynda öňdeligi eýeleýär
«Köpetdagyň» futzalçylary 5-nji tapgyryň netijesi boýunça Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň sport zalynda geçirilen 5-nji tapgyrdan soň Türkmenistanyň Naýbaşy ligasynda öňdeligini sakladylar.
28.04.2023
4484
«Arkadag» «Köpetdag» toparyny ilkinji ýeňlişe sezewar etdi, «Nebitçi» öňe saýlandy
Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda Türkmenistanyň çempionatynda lider üýtgedi. Üçünji tapgyrdan soň Balkanabadyň «Nebitçisi» 7 utuk bilen birinji orna çykdy. Ol «Nebitçi» «Aşgabady» - 3:1 hasabynda utup, bassyr iki ýeňiş gazanandan, öňdeligi eýeleýän «Köpetdag» bolsa öz meýdançasyna «Arkadagdan» 0:4 hasabynda ilkinji ýeňlişe sezewar bolandan soň şeýle ýagdaý emele geldi.