Ykdysadyýet
09.12.2022
4627
Asylly zähmet däbine görä
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Daşoguzdaky “Çeper” tikin fabriginiň işgärleri 2022-nji ýyly üstünlikli tamamlaýarlar. Häzirki wagta çenli ýerli tikinçiler 11 million manatlyk önüm öndürdi, bu bolsa ýyllyk tabşyrykdan ep-esli köpdür.
08.12.2022
7075
Ýokary oktanly awtomobil benzininiň çykarylyşy özleşdirildi
Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda ýokary oktanly AI-98 awtomobil benzininiň senagat taýdan çykarylyşy özleşdirildi, ol pes oktanly benzinden onuň hilini gowulandyrjy madda we düzümini üýtgediji madda goşulyp taýýarlanylýar.
06.12.2022
11727
Gaýtadan işlenýän çig maldan turba öndürilýär
«Saka» hojalyk jemgyýetiniň zawody gaýtadan işlenýän çig maldan dürli ýogynlykly we maksatly polietilen hem propilen turbalary öndürmegi özleşdirdi.
06.12.2022
5454
«Mawy ýangyjyň» möçberi we üpjünçiligi artar
«Türkmengündogarnebitgurluşyk» gurluşyk-gurnama trestiniň 5-nji gurluşyk-gurnama müdirliginiň gurluşykçylary tebigy baýlyklarymyzyň biri bolan «mawy ýangyjy» sarp edijilere ýetirmäge niýetlenen desgalary gurmak boýunça netijeli işler alyp barýarlar.
05.12.2022
5896
Türkmen-amerikan işewürlik maslahaty
Şu gün Söwda-senagat edarasynda türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi. «Türkmenistan — ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň ýolbaşçylyk edýän wekiliýetiniň düzümine «Bechtel Corporation», «Boeing», «Nicklaus Companies», «Climate Compass», «Case New Holland», «UGT Renewables», «John Deere», «Medtronic plc», «Oxbow», «Palo Alto Networks», «Smartmatic», «Wiza», «Westport Trading Europe Limited» ýaly kompaniýalaryň wekilleri girdiler.
05.12.2022
5624
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 18 million 454 müň dollaryndan gowrak boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 13-si hasaba alyndy.
04.12.2022
7124
Ýaşyl maýsalara yhlasly ideg
Lebap welaýaty boýunça 130 müň gektar meýdana galla tohumy sepilip, öňümizdäki ýylda ondan esasy azyklyk önüm bolan bugdaýyň 310 müň tonna hasylyny almaklyk meýilleşdirilýär.
04.12.2022
7533
Demirgazyk Goturdepäniň «gara altyny»
Demirgazyk Goturdepe ýatagynda uglewodorod çig malynyň täze senagat akymy alyndy. Ol geologlaryň Demirgazyk Goturdepedäki we Hazar deňziniň ýalpaklarynda we Merkezi hem-de Günbatar Goturdepe bilen birlikde olara ýanaşykly ýerlerde «gara altyn» gorlary çaklama ýerlerinden çykdy.
02.12.2022
15120
Türkmenistanda kömelekleri senagat taýdan ýetişdirmek boýunça iri önümçilikler döredilýär
Owadandepedäki «Üzümçilik» daýhan birleşiginde şampinýonlar maşgalasyndan telpeginiň aşagy kirpikli kömelek ýetişdirýän ýurdumyzda iri kärhana gurlup, işe girizildi. Telekeçi Babasadyk Çüriýew şampinýon öndürmekde dünýäde öňdebaryjylaryň biri «Sylvan» golland firmasyndan miseliý satyn aldy.
02.12.2022
5399
Guýulardan alynýan «gara altynyň» möçberi artýar
«Türkmennebit» döwlet konserniniň düzümindäki önümçilik kärhanalary nebitli-gazly ýataklary gözläp tapmakda hem-de olary senagat taýdan işläp taýýarlamakda möhüm işleri alyp barýarlar.