Sport
30.03.2023
7376
«Altyn täс» zenanlaryň arasynda futzal boýunça Türkmenistanyň Kubogyny eýeledi
Aşgabatdan «Altyn täç» topary finalda Mary welaýatyndan «Olimp» toparyny 4:2 hasabynda utup, zenanlaryň arasynda futzal boýunça Türkmenistanyň Kubogyny eýeledi.
30.03.2023
9250
Türkmenistanyň agyr atletikaçysy üç altyn medal gazanmak bilen, 17 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda dünýä çempiony boldy
Agyr atletika boýunça Durres şäherinde (Albaniýa) dowam edýän ýetginjeklerikň arasynda (17 ýaşa çenli) geçirilýän dünýä çempionatynda türkmen türgeni Medine Amanowa üç altyn medal gazanmak bilen, «dünýä çempiony» diýen ada mynasyp boldy.
25.03.2023
7800
Türkmenistanyň türgenleri Taekwondo ITF görnüşi boýunça Merkezi Aziýa çempionatynda 19 medala mynasyp boldular
Ýakynda goňşy we dostlukly ýurt Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde sportuň Taekwondo ITF görnüşi boýunça 1-nji Merkezi Aziýa çempionaty geçirildi. Ýaryşa Türkmenistanyň türgenleri hem gatnaşyp üstünlikli çykyş etdiler.
25.03.2023
6234
Türkmenistanyň zenanlaryň arasynda geçirilýän futzal boýunça kubok ýaryşynyň ýarym finalçylary kesgitlendi
Zenanlaryň arasynda futzal boýunça Türkmenistanyň kubogyna dalaş edýänleriň sany dört topara çenli azaldy. Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde geçirilýän ýaryşyň hormatly baýragy ugrundaky göreşi indi «Olimp», «Altyn täç», «Balkan» we «Ahal» toparlary dowam etdirer.
25.03.2023
4694
Türkmen tennisçisi ATF Duşanbe Open U14 ýaryşynda kümüş we bürünç medal gazandy
Türkmen türgeni Imran Ahundow Täjigistanyň paýtagtynda tamamlanan 14 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýa tennis federasiýasynyň (ATF) Duşanbe Open açyk ýaryşynda kümüş we bürünç medallara eýe boldy.
23.03.2023
4816
Futzal boýunça zenanlar toparlarynyň arasynda Türkmenistanyň Kubogy ugrunda ýaryş başlandy
Aşgabatdan we ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan sekiz topar paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde zenanlaryň arasynda futzal boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrunda ýaryşa girişdiler.
22.03.2023
7483
Türkmenistanyň futbol boýunça ýygyndy topary täze baş tälimçiniň ýolbaşçylygynda Malaýziýada ilkinji oýnuny oýnar
Türkmenistanyň futbol milli ýygyndysy Malaýziýa ugrady, futbolçylarymyz 23-nji martda 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň saýlama ýaryşyna taýýarlygyň çäklerinde bu ýurduň topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer.
18.03.2023
6232
Türkmen hokkeýçileri Eýranyň ýygyndy toparyny utup, Aziýa we Okeaniýa ýetginjekler (U18) çempionatynda kümüş medal gazandylar
Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndy toparynyň hokkeýçileri Ulan-Batorda 18 ýaşa çenli oýunçylaryň arasynda geçirilip tamamlanan ilkinji Aziýa we Okeaniýa çempionatynda kümüş medala mynasyp boldular. Guwançmyrat Jepbarowyň şägirtleri bu üstünligi ýaryşyň soňky gününde Eýranyň toparyny 14:1 hasabynda utup gazandylar.
17.03.2023
5333
Türkmen hokkeýçileri ýetginjekleriň (U18) arasynda geçirilýän Aziýa we Okeaniýa çempionatynda Mongoliýanyň toparyny utdy
Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndy toparynyň hokkeýçileri Ulan-Batorda 18 ýaşa çenli oýunçylaryň arasynda dowam edýän Aziýa we Okeaniýa çempionatynda Mongoliýanyň toparyny 6:4 hasabynda utup, ikinji orny eýeledi.
16.03.2023
5389
Türkmenistanyň futzal toparlarynyň ýylyň baş baýragy ugrundaky ýaryşy başlandy
Türkmenistanda 2023-nji ýylyň esasy milli futzal ýaryşy – ýurdumyzyň Super ligasy başlandy.