Daşoguz şäherindäki pagta egriji fabriginde nah we ýüň galyndylaryny, gamyş hem-de gowaça çöpüni gaýtadan işläp, mebel önümçiliginde we gurluşykda ulanylýan serişdeleri öndürýän önümçilik desgasynyň açylyş dabarasy boldy.
2026-njy ýylyň 2-nji iýulynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş konsuly (Stambul ş.) Owezgeldi Jumanazarow Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Ömüraliýew bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşyk Türki Döwletleri Guramasynyň Sekretariatynyň binasynda geçirildi.
Häzirki zaman ýaşlarynyň durmuşyndaky şanly wakalara, olaryň gazanýan üstünliklerine we döredijilik başlangyçlaryna bagyşlanan «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 6-njy sany okyjylarymyza gowuşdy.