Ylym
20.10.2025
1312
Hytaý wekiliýeti Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde boldy
15–17-nji oktýabr aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň wekiliýeti Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň çäklerinde «Lu Banyň ussahanasyny» döretmek baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin türkmen ýokary okuw mekdebinde iş saparynda boldy.
17.10.2025
1346
Täze okuw kitaplary neşir edildi
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň teklibi esasynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň ýokary we orta okuw mekdepleri üçin täze okuw kitaplary çap edildi.
16.10.2025
5020
Inklýuziw bilim boýunça okuw-usuly gollanma neşir edildi
Türkmenistanda rus dilinde «Образование детей с ограниченными возможностями здоровья в условиях инклюзивного обучения» («Inklýuziw okuw şertlerinde saglyk mümkinçilikleri çäkli bolan çagalaryň bilimi») atly täze okuw-usuly gollanma çap edildi.
15.10.2025
4130
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde italýan diliniň XXV Bütindünýä hepdeligine badalga berildi
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti (HYYweÖU) dünýäde italýan diliniň XXV hepdeliginiň (Settimana della Lingua Italiana nel Mondo) çäklerinde çäreleriň tapgyryny geçirdi.
15.10.2025
4676
Aşgabatda talyplaryň arasynda himiýa boýunça IV halkara olimpiada geçirilýär
Türkmenistanyň paýtagtynda ýokary okuw mekdepleriň arasynda himiýa boýunça geçirilýän IV halkara olimpiada badalga berildi. Himiýaçylaryň bäsleşigi 15 – 17-nji oktýabry aralygynda geçirilýär.
15.10.2025
3914
Hazar ýakasynyň gidromorf ekologik ulgamlary öwrenilýär
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň hem-de Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň işgärleri Hazar deňziniň kenarýaka sebitlerine bilelikde ylmy ekspedisiýa gurady.
14.10.2025
3743
Russiýanyň ýokary okuw mekdepleri giň bilim maksatnamalaryny hödürleýär
Aşgabatda geçirilen «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň çäginde Türkmenistanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň tanyşdyrylyş meýdançasy guraldy.
14.10.2025
3083
Türkmen ýokary okuw mekdebinde Kent döwlet uniwersitetiniň wekili bilen duşuşyk boldy
ABŞ-nyň Kent döwlet uniwersitetiniň Merkezi Aziýadaky wekili Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetine bardy. Duşuşyk türkmen ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçy düzüminiň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirildi.
14.10.2025
3114
Türkmenistanda ýokary okuw mekdepler üçin hytaý dili boýunça okuw kitaby neşir edildi
Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň teklibi boýunça Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryna niýetlenilen «Hytaý dili» diýen okuw kitaby çykaryldy.
13.10.2025
3066
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 13-si «THE World University Rankings 2026»-nyň dünýä sanawyna girdi
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 13-si «habarçy» derejesi bilen «THE World University Rankings 2026» diýen dünýä uniwersitetleriniň görkezijisiniň täze 22-nji neşiriniň sanawynda ýerleşdiler.