Ylym
31.05.2024
5170
Tehnologiýalar merkezinde Türkmenistanda biotehnologiýany ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
30-njy maýda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde «Ýurdumyzda biologiýa ylymlaryny we biotehnologiýalary ösdürmek» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi, onda alymlar «Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024 ‒ 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşdylar.
31.05.2024
5204
Türkmenistanyň wekilleri Hazar ylym-bilim kongresine gatnaşdylar
29 – 31-nji maý aralygynda Astrahan oblastynda geçirilen Hazar ylym-bilim kongresi ylym, tehnologiýalar, bilim we medeniýet, şeýle hem Hazarýaka ýurtlaryň ykdysadyýetleriniň dürli pudaklaryna hünärmenleri taýýarlamak meseleleri boýunça köptaraplaýyn gepleşikler üçin meýdança boldy.
30.05.2024
4883
Aşgabatda Türkmenistanyň BSG-i bilen hyzmatdaşlygy temasy boýunça talyplaryň arasynda breýn-ring geçiriler
Ýakynlaşyp gelýän Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasy bilen hyzmatdaşlygy» atly tema boýunça breýn-ring geçiriler.
28.05.2024
5300
Türkmen we rus ýokary okuw mekdepleri talyplar üçin maglumat howpsuzlygy boýunça umumy okuw sapagyny geçdiler
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty hem-de akademik M.F.Reşetnew adyndaky Sibir döwlet ylym we tehnologiýalar uniwersiteti bilelikde talyplar üçin «Maglumat howpsuzlygy» temasy boýunça onlaýn umumy okuw sapagyny guradylar.
28.05.2024
7159
Türkmen alymlary seýrek dermanlyk ösümliklerini köpeltmek üçin biotehnologiýany ulanýarlar
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň umumy we amaly biologiýa institutynyň alymlary seýrek dermanlyk ösümliklerini öndürmekde häzirki zaman biotehnologiýalaryny ulanmak ugrunda ylmy agtaryşlar geçirýärler.
27.05.2024
6083
Türkmen oba hojalyk instituty Genetika dersi boýunça II internet olimpiadanyň ýeňijilerini yglan etdi
Türkmen oba hojalyk instituty Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen Genetika dersi boýunça II internet olimpiadanyň netijelerini yglan etdi.
25.05.2024
6040
Aşgabatda «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşigiň jemi jemlendi
Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda bu ýokary okuw mekdebiniň Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde guran «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşiginiň ýeňijilerine baýrak gowşurmak dabarasy bolup geçdi.
24.05.2024
24970
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti orta mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen ders olimpiadalarynyň netijelerini yglan etdi
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda geçirilen Türkmenistanyň taryhy, türkmen dili we edebiýaty boýunça olimpiadalaryň ýeňijilerini yglan etdi.
23.05.2024
5505
Paýtagtymyzda «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşigi başlandy
Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde guran «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşigi öz işine başlady.
23.05.2024
5794
Türkmenistanly alymlar ýapon önümleri bilen tanyşdylar
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen «Tokio Boeki Eurasia» ýapon kompaniýasynyň arasynda hereket edýän Ylmy we tehniki hyzmatdaşlyk baradaky Ylalaşygyň çäginde türkmen alymlarynyň Ylymlar akademiýasynyň baş alym kätibiniň wezipesini ýerine ýetiriji Çaryýar Amansähedowdan, Himiýa institutynyň müdiri Hallymyrat Ataýewden we Tehnologiýalar merkeziniň müdiriniň orunbasary Jeren Aşyrmuhammedowadan ybarat wekiliýeti Ýaponiýanyň paýtagty Tokioda saparda boldy.