2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda Lancaster Haus binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Beýik Britaniýanyň işewürler jemgyýetiniň wekilleri bilen geçirilen işewürlik kabul edişligine gatnaşdy.
Şu ýylyň 25-26-njy fewralynda Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde Halkara Pul Gaznasynyň (HPG) Kawkaz, Merkezi Aziýa we Mongoliýa ýurtlarynyň mümkinçiliklerini ösdürmek boýunça sebitleýin merkezi tarapyndan guralan «Kawkaz we Merkezi Aziýa ýurtlarynda ykdysady syýasatyň ugurlary we sebitleýin durnuklylygy» atly maslahat geçirildi.
2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow London gazna biržasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Juliýa Enn Hogget hem-de Beýik Britaniýanyň Maliýe ministrliginiň (UK Treasury) Ykdysady sekretary Lýusi Rigbi bilen bilelikdäki duşuşyga gatnaşdy.
2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda Lankaster binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça ministri Iwett Kuperiň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Gepleşiklere Birleşen Patyşalygyň Ýewropa, Demirgazyk Amerika we daşarky çäkler boýunça Döwlet ministri Stiwen Dauti hem gatnaşdy.
Birleşen Patyşalyga amala aşyrylan saparynyň maksatnamasynyň bir bölegi hökmünde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň London uniwersitet kollejiniň (UCL) Arheologiýa institutynyň professory Timoti Wilýams bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen UCL-niň Arheologiýa institutynyň arasynda Ylalaşyk baglaşyldy.